ITALIÝANYŇ EXPO-2030 GEÇIRMEKLIGE DALAŞGÄRLIK KOMITETINIŇ ÝÖRITE ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň EXPO-2030 geçirmeklige dalaşgärlik komitetiniň Ýörite Ilçisi Romeo Orlandi bilen duşuşygy gecirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada durup geçdiler. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ikitaraplaýyn görnüşde we köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde mundan beýläk hem ösdürmek üçin özara taýýarlygy beýan edildi.

Duşuşygyň esasy maksady 2030-njy ýylda EXPO-ny Italiýada geçirmek boýunça dalaşgärligini öňe sürmeginiň konsepsiýasy bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.