TÜRKMEN WEKILIÝETI KATARDA OWGANYSTAN BOỲUNÇA YÖRITE WEKILLERIÑ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

img
img
img
img

2023-nji ýylyñ 1-2-nji maýynda Katar Döwletiniñ Doha şäherinde BMG-niñ Baş Sekretarynyñ howandarlygynda Owganystan boỳunça yörite wekilleriñ duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niñ Baş sekretary Antonio Guterriş hem gatnaşdy. Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniñ wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiyew gatnaşdy.

Duşuşykda  Owganystanyň häzirki syỳasy-harby, ykdysady we ynsanperwer ỳagdaỳlary barada pikir alyşyldy.

Türkmen wekiliỳetiniñ ỳolbaşçysy türkmen halkynyñ milli Lideri, Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyñ Başlygy Gahryman Arkadagymyzyñ başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniñ dowam edýän hoşniýetli goñşuçylyk we ynsanperwer ýörelgeleri esasynda owgan halkyna yzygiderli kömekleriñ berilýändigi barada nygtady.

Şeýle hem Türkmenistan özüniñ oñyn Bitaraplyk syỳasatyna esaslanyp, bu ýurduň ykdysadyýetini ösdürmeklige gönükdirilen TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektrik geçirijisiniň we demir ýol ugry boýunça uly taslamalaryň amala aşyrylýandygy bellendi.

BMG-niñ ýolbaşçylygynda geçirilýän şeýle duşuşyklaryň Owganystandaky ýagdaýlaryñ kadalaşmagyna oñyn ýardam etjekdigi barada nygtaldy.

Mundan başga-da, Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde şu ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş sekretarynyň Ýakyn Gündogar, Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça kömekçisi Haled Hiari bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Owganystandaky ýagdaý barada özara pikir alyşyldy. Türkmenistanyň Owganystan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, iri ykdysady taslamalary amala aşyrmak we owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermek boýunça amala aşyrýan işleriniň Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy.

H.Hiari, öz gezeginde, Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hem-de durnukly ösüş babatynda alyp barýan anyk işlerini aýratyn nygtady.