TÄHRANDA TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 30-31-nji maýy aralygynda iki günlük iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda bolýar.
Dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklary ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar, ähli esasy ugurlardaky, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamdaky netijeli dialogyň okgunly ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki döwürde netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň asyrlarboýy toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrmagy maksat edinip, ony iki ýurduň we Merkezi Aziýanyň halklarynyň bähbidine amala aşyrylýan bilelikdäki täze taslamalar bilen pugtalandyrýarlar. Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň “altyn halkasy” diýlip ykrar edilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň durmuşa geçirilen taslamasy bilelikdäki taslamalaryň has ähmiýetlileriniň biridir.
Iki döwletiň telekeçilik düzümleriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir. Bu topar söwda-ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän netijeli gurallary işläp taýýarlamak maksady bilen döredildi.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär. Soňky ýyllarda medeniýet, bilim ulgamlarynda ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy, türkmen we eýran wekiliýetleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlardyr forumlar geçirilýär. Özara Medeniýet günleri, amaly-haşam sungatynyň sergileri, bilelikdäki beýleki çäreler yzygiderli esasda guralýar.
Sebit we ählumumy gün tertibiniň meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyn bolmagy Türkmenistanyň we Eýranyň abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyny hem şertlendirýär.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna şu gezekki sapary we onuň dowamynda meýilleşdirilen duşuşyklar, şol sanda dostlukly ýurduň ýolbaşçylary bilen geçiriljek duşuşyklar netijeli döwletara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga itergi bermäge gönükdirilendir.
Saparyň birinji gününde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen, EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş, Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani, Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşklary geçirildi.
bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Liderimiz Türkmenistanyň goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm üns berýändigini belledi. Häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ilerledilýän gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygy nygtaldy.
Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara bähbitli gatnaşyklary has-da güýçlendirmek üçin anyk ädimler kesgitlenildi we deňhukulylyk, birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň yzygiderli üstünlikli ösmegine ynam bildirildi..