TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY ÝURTLARDAKY WEKILHANALARY BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPEDLI ÝÖRIŞLERINI GEÇIRDILER

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosipedli çäreleri vakyngünlerde Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary we konsullyklary tarapyndan gurnaldy.

Welosipedli marafonlar dünýäniň dürli künjeklerinde geçirildi, oňa türkmenler we daşary ýurtly diplomatlar, halkara, jemgyýetçilik we sport guramalarynyň wekilleri, türgenler, türkmen we daşary ýurtly ýaşlar gatnaşdylar. Şeýle hereketler ilatyň saglygyny ýokarlandyrmaga, daşky gurşawyň abadançylygynyň derejesini artdyrmaga we welosiped sürmegi wagyz etmäge ýardam edýär.

2018-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen möhüm halkara senesi Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giňden bellenilýär. Türkmenistanyň bu başlangyjy, ýurdumyzyň ählumumy ösüşe, saglyk hereketlerine we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine nobatdaky goşandydyr.

Türkmenistan, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 15-nji martynda çykaran "Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek" kararnamasynyň başyny başlaýjysy hökmünde welosiped sürmegi goldaýan hökümetleriň, guramalaryň we şahsyýetleriň edýän tagallalaryna ýokary baha berýär.