MÜSÜRIŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-Naggari (oturýan ýeri Moskwa ş.) bilen duşuşdy we duşuşygyň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen täze bellenen Ilçiniň giňişleýin görnüşdäki duşuşygy geçirildi.

Diplomatlar döwletara dialogy ösdürmekde ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýetini belläp, iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň saparlaryny we duşuşyklaryny gurnamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara we sebit guramalarynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar halkara syýasatynyň iň möhüm ugurlary barada pikir alyşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny geçirmek barada ylalaşdylar.

Duşuşygyň çäginde özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebitara meseleler boýunça pikir alşyldy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça tükmen-müsür bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.

Maýa goýum, nebit-gaz we himiýa pudaklary hem-de ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Aşgabat bilen Kairiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli aragatnaşygy saklamak babatynda ylalaşdylar.