FRANSIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Filipp Merlen bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň onuň diplomatik işiniň amala aşyrylmagynda goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi.

Mundan başga-da, taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösýändigi bellenildi.

Ministr iki ýurduň arasyndaky halkara meýdançalaryndaky netijeli hyzmatdaşlyga ünsi çekdi we onuň çäklerinde taraplaryň özara goldaw berýändigini we möhüm halkara başlangyçlaryň awtordaşlary hökmünde çykyş edýändiklerini nygtady.

Diplomatlar söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, hususan-da energetika, logistika we "ýaşyl" tehnologiýalar ýaly ugurlarda ösdürmegiň möhümdigi barada umumy pikiri beýan etdiler.

Taraplar şeýle hem medeniýet, arheologiýa we fransuz dilini öwrenmek babatynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada belläp geçdiler.