Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň işiniň örän köpdügine garamazdan, üýtgewsiz kada eýerip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy.

Halkyň abadançylygy, onuň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli, aň-paýhas taýdan ösen ýaş nesli kemala getirmek baradaky alada Türkmenistanda döwlet syýasatynyň aýratyn möhüm ugry derejesine çykaryldy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça çäreler milli taglyma öwrüldi, ol türkmen jemgyýetini jebisleşdirip, tutuş il bolup, zyýanly endiklere garşy durmaga hem-de sazlaşykly ösen raýatlaryň ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmäge ýardam edýär.

“Türkmenistanda 2011 — 2020-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda häzirki zaman sport-sagaldyş düzümlerini kemala getirmek boýunça görlüp-eşidilmedik işler amala aşyryldy. Ýurdumyzda we welaýatlarda ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, atçylyk sport toplumlary, awtodromlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri bina edildi.

Paýtagtymyzyň eteklerindäki ajaýyp künjeklerde — Gökderede, şeýle hem Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda peýda bolan çagalar sagaldyş merkezleri boş wagty işjeň geçirmek üçin ähli şertlere eýedir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça gurulýan ähli bilim we terbiýeçilik edaralarynyň – mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň sport zallaryny we meýdançalaryny, bu desgalaryň heniz taslamalary işlenip taýýarlanylýan döwründe göwnejaý derejede abzallaşdyrmak, zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Olaryň ýanaşyk çäklerindäki ýaşaýyş toplumlarynda hem sport bilen meşgullanmak üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr.

Halkara olimpiýa komiteti hem-de sport federasiýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda sportuň köp görnüşleri, şol sanda Türkmenistan üçin täze görnüşleri — awtomobil, hokkeý, figuralaýyn typmak, suwda oýnalýan görnüşleri işjeň ösdürilýär. Soňky ýyllarda türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Türgenlerimiziň geçen ýylyň güýzünde Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde bina edilen sport desgalarynda ägirt uly üstünliklere beslenen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ajaýyp netijeleri gazanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup şunuň ýaly ýokary derejeli ýaryşlary geçirmäge hukuk alandygy buýsançly ýagdaýdyr. Şeýle oýunlary geçirmegiň taryhynda ilkinji gezek bu ýaryşlara diňe bir Aziýa yklymynyň iň gowy türgenleri däl-de, Okeaniýa ýurtlarynyň, şeýle hem bosgunlaryň toparynyň türgenleri hem gatnaşdylar.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar bilen geçýän şu ýyl hem ýeňil atletika ýaryşlaryny, welosipedli ýörişleri hem-de halkara awtoralli ýaryşlaryny öz içine alýan “Amul — Hazar 2018” iri çäräniň geçirilmegine beslener. Mälim bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinden başlanan bu köpçülikleýin sport ýaryşlaryna fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda badalga berildi. Ol ýaryşlaryň ugrunyň häzirki wagtda täze görnüşde dikeldilýän gadymy kerwen ýolunyň çäklerinden geçýändigi aýratyn mana eýedir, Türkmenistan bu ýoluň ýüregidir.

Agyr atletika halkara federasiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionatyny Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüdi kabul etmegi sport döwleti, parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde olimpiýa hereketiniň asylly ýörelgelerini ösdürýän hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň we dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýan Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň subutnamasydyr.

Türkmenistanda dünýä bileleşigi bilen bilelikde her ýyl 7-nji aprelde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp guralýan dabaralar ozal görlüp-eşidilmedik gerime eýe boldy. Ýurdumyzda umumymilli sport çäreleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi, olar ähli ýaşdaky we kärdäki adamlary – ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet düzümleriniň, durmuş-medeni ulgamyň işgärlerini, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň wekillerini, talyplary we mekdep okuwçylaryny birleşdirýär. Sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesi türkmenistanlylaryň müňlerçesini sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar, olar köpçülikleýin sport-bedenterbiýe hereketiniň hatarlaryny doldurýarlar.

Köpetdagyň eteginde gurlan Saglyk ýoly sagdyn durmuş ýörelgesi ulgamynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň özboluşly nyşanydyr. Bu pyýada ýoly aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köpçülikleýin dynç alýan künjegine, iri sport-köpçülikleýin we medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Tebigatyň bu täsin künjeginde bahar paslynyň tämiz öwüşgini aýratyn duýulýar, bu pasylda dag eteklerini dürli reňkli, hoşboý ysly güller büreýär. Ýurdumyzda tebigaty goramak meselesine uly üns berilýär, sebäbi biz ony geljekki nesillere bütin gözelligi hem özboluşlylygy bilen ýetirmeli. Ekologiýa meseleleri Türkmenistanyň durnukly ösüş strategiýasynda möhüm orun eýeleýär.

Dag gerişlerinden açylýan Aşgabadyň görnüşi haýran galdyrýar — säher bilen paýtagtymyz has-da ajaýyp görünýär. Onuň belent ýadygärlikleri hem-de binalarynyň özboluşly keşbi, köp sanly suw çüwdürimleri köpöwüşginli gündogar ertekisini ýada salýar, paýtagtymyz ak mermerden döredilen ajaýyp gül çemenine meňzeýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolundan geçýän mahalynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni bu düzümler üçin ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigine çekdi. Harby gullukçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň beden taýýarlygy, sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin şertleriň döredilmegine degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Saglyk ýoluny geçmegini dowam edip, hemişe bolşy ýaly, köp kilometrlik aralygy pyýada, onuň käbir zolaklaryny bolsa çalt ylgap geçdi.

Hormatly Prezidentimiz ýoluň tutuş dowamynda ýanaşyk çäkleriň abadanlaşdyrylyşyna, şol sanda belent dag gerişlerinden beýik türkmen nusgawy şahyry, akyldary we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň bina ediljek meýdançasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp künjekde seýilgäh zolaklarynyň hem-de dynç alyş meýdançalarynyň döredilmegine, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, tenakarlyk häsiýetine eýe bolan tämiz dag howasy, tebigatyň täsin görnüşleri adamlary keýpiçag edýär, şähdini açýar we ruhuny göterýär.

Saglyk ýolunyň ugrunda hem-de töwereginde ekilen agaç nahallary we güller bu ýeriniň gözelligini sazlaşykly baýlaşdyrar, Köpetdagyň eteginde ekologiýa ýagdaýyna amatly täsirini ýetirer.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimine bu ugurdaky giň gerimli işleri dowam etmegi tabşyryp, bu ýerde geçirilýän bagy-bossanlyga öwürmek işleriniň ýerli tebigy-howa şertleriň hasaba alnyp guralmalydygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluna ýörüşini tamamlap, Olimpiýa şäherçesiniň sport merkezine bardy, şol ýerde sport trenažýorlarynda dürli maşklary ýerine ýetirdi. Türgenleşigiň barşynda milli Liderimiz ýene-de ajaýyp beden taýýarlygyny görkezdi. Munuň özi sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagyň netijesidir. Döwlet Baştutanymyz sporta aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýär.

Milli Liderimiz bilen birlikde zalda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem türgenleşik geçdiler.

Şu ýerde ýurdumyzda gurlan sport we şypahana-sagaldyş toplumlarynyň ýokary derejede tehniki taýdan üpjünçiligi ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek maksadynda uly ädimleriň ädilýändigini aýdyňlyk bilen görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen söhbetdeşlikde sportuň sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň çeşmesidigini, ýurdumyzda sport hereketine goşulýanlaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny nygtady. Diňe bir türgenleriň gatnaşmagynda ýaryşlary geçirmek arkaly däl, eýsem sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň ählisini çekmek bilen, köpçülikleýin çäreleri geçmek arkaly bu oňyn ýörelgäni dowam etdirmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir adamyň beden saglygyna däl, eýsem, ruhubelent bolmagyna, şeýle hem onyň döredijilik işine oňyn täsir edýär.

Milli Liderimiz sport toplumynda ornaşdyrylan, bedeni berkitmek we belli bir myşsalary ösdürmek üçin niýetlenen trenažýorlaryň aýratynlyklary barada aýdyp, olary dogry we netijeli ulanmagyň ähmiýetini nygtady. Tejribäniň görkezişi ýaly, sport maşklarynyň yzygiderli ýerine ýetirilmegi sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň girewidir.

Döwlet Baştutanymyz türgenleşigi tamamlap, ýokary netijeler sportuny hem-de bedenterbiýe-köpçülikleýin hereketi wagyz etmek hem-de ösdürmek, oňa ilatyň ähli gatlaklaryny, aýratyn hem ýaşlary giňden çekmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, halkyň saglygy, beden taýdan sagdyn, ýokary ynsanperwerlik we ahlak ýörelgelerine ygrarly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň hemişe ileri tutulýan wezipeleri bolupdy we şeýle bolmagynda galar.