BAE-DE TÜRKMEN-EMIRLIKLER AKADEMIKI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Abu Dabide Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň (BAE) Baş müdiri Nikolaý Mladenow bilen duşuşdy.

Duşuşykda N.Mladenow türkmen wekiliýetine akademiki işleri, diplomatik işgärleri taýýarlamak we ylmy barlaglary geçirmek ýaly hereketleri özünde birleşdirýän bu bilim edarasynyň gurluşy hem-de wezipeleri barada maglumat berdi.

Soňra duşuşyk akademiýanyň mugallymlar topary bilen giňeldilen görnüşde dowam etdi, onuň dowamynda akademiýanyň usulyýet we okuw meýilnamasy, şol sanda gözleg, neşir, ylmy we amaly işleri barada maglumat berildi.

BAE-iň ýokary okuw mekdebinde şeýle hem bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy.

Hususan-da, 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE-ne amala aşyran saparynyň çäginde gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama esaslanyp, iki okuw jaýynyň mugallymlarynyň arasynda tejribe alyşmak mümkinçiligine seredildi.

Munuň bilen birlikde, taraplar şu ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasyna okuw saparyny guramak barada ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň BAE sapary dowam edýär.