Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary tamamlandy
2025-nji ýylyň 17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi.
Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlikde dostlukly ýurduň resmi wekili Milli Liderimiziň saparynyň dowamynda geçiren duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň ähmiýetini belledi hem-de şu gezekki saparyň däp bolan dostlukly döwletara dialogy hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Fizuli Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.
Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini şekil taslamalarynyň üsti bilen Azerbaýjanyň Fizuli, Laçyn we Zangilan Halkara howa menzilleri bilen tanyşdyryldy.
Howa menzili bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Prezident Ilham Aliýew bilelikde awtoulagda Şuşa şäherine ugradylar.
Ýol ugruna ýörite gurnalan ýerde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Agdam, Fizuli we Hojawend etraplary boýunça ýörite wekili Milli Liderimizi Fizuli şäherinde amala aşyrylýan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdyrdy.
Tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow Fizuli şäherindäki gurluşyk işleri babatda öz gymmatly maslahatlaryny berdi. Prezident Ilham Aliýew Gahryman Arkadagymyzyň beren maslahatlarynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen birlikde, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite wekili gymmatly maslahatlary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Şuşa şäheriniň golaýyndaky Daşalty düzlüginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we dostlukly ýurduň döwlet Baştutany bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Şuşa şäherine gelenlerinden soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Ilham Aliýew şäherde gurulýan täze ýaşaýyş toplumyna baryp gördüler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde bina edilýän metjidiň gurluşygyny synlady.
Metjidiň gurluşygy bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Geýdar Aliýew baradaky surat sergisi bilen tanyşdylar. Sergide Azerbaýjanyň umumymilli Lideriniň ýurduň durmuş, ykdysady, syýasy, medeni ösüşinde bitiren hyzmatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar, resminamalar, wideofilmler görkezilýär.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Şuşa galasyna bardylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Prezident Ilham Aliýew Şuşa galasynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.
Soňra Milli Liderimiz we dostlukly ýurduň döwlet Baştutany Azerbaýjanyň meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň Şuşadaky öý-muzeýine bardylar. Bu ýerde meşhur artistiň çagalyk ýyllary geçipdir. Muzeýde azerbaýjan wokal sungatynyň düýbüni tutujy, professor Bülbüliň çagalyk döwründäki we maşgala fotosuratlary, şahsy zatlary, aýdymçynyň döredijilik, ylmy, pedagogik, jemgyýetçilik işini beýan edýän resminamalar bar. Bülbüliň ogly, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bülbül ogly belent mertebeli myhmanlary muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täsirli we gyzykly maglumatlar üçin minnetdarlyk bildirip, medeni mirasy aýawly saklamakda, geljek nesillere ýetirmekde şeýle muzeýleriň möhüm ähmiýetini belledi.
Öz nobatynda, Polat Bülbül ogly belent mertebeli myhmana muzeýe gelip görendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherinde ýerleşýän Göwher Aga metjidine geldiler. Metjitde türkmen we azerbaýjan halklarynyň hemişe parahat, abadan durmuşda ýaşamaklary üçin doga-dilegler edildi.
Metjit bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilelikde Mehmandarowlaryň öý-muzeýine bardylar.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Jydyr düzüne bardylar.
Jydyr düzünde türkmen halkynyň Milli Liderine belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan Dostluk atly bedew sowgat berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy minnetdarlyk bildirip, bu sowgady mizemez türkmen-azerbaýjan dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Ilham Aliýew atşynaslar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy azerbaýjan halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny açyp görkezýän gezelenjiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Prezident Ilham Aliýewe hem-de azerbaýjan tarapynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi.
Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fizuli Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.