TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY

2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

 Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkendiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanyndaky haly düşelen ýodanyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzüldi. Howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Milli Liderimiziň awtoulag kerweni howa menzilinden “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna ugrady. Bu ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylady.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Soňra Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşini kabulhananyň öňündäki meýdança çagyrýar. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Resmi garşylamak dabarasy tamamlanansoň, iki ýurduň Liderleri “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna geçdiler. Bu ýerde ýokary derejedäki ikiçäk türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew ozal gazanylan we uzakmöhletleýin ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň çäklerinde türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar sebit we özara gyzyklanma eýe bolan ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny özbek topragynda tüýs ýürekden mübärekläp, onuň ýurdunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwlet saparyna netijeli türkmen-özbek gatnaşyklarynyň yzygiderli we kanunalaýyk dowamaty hem-de dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we bähbitleriň umumylygy ýörelgeleriniň esasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taraplaryň ikitaraplaýyn islegleriniň tassyklanmasy hökmünde garalýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine mähirli kabul edilendikleri we myhmansöýerlik hem-de bilelikde netijeli işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki döwlet saparyna ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda örän möhüm tapgyrlaýyn waka hökmünde garalýandygyny belledi. Onuň esasy maksady ähli ugurlardaky türkmen-özbek gatnaşyklaryny berkitmekden, ösüşiň täze ugurlaryny we ýörelgelerini nazara almak bilen, Merkezi Aziýa sebitinde, tutuşlygyna alanyňda bolsa, halkara giňişliginde döwletara gatnaşyklarynyň täze aýdyň ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

2018 - 2020-nji ýyllarda ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; 2019 - 2021-nji ýyllarda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk barada Maksatnama; 2004-nji ýylyň 19-njy noýabryndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Teswirnama; «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda çagalaryň şypahana-sagaldyş bejergisi hakyndaky Ylalaşyga; Ammiak selitrasyny üstaşyr geçirmek hakyndaky Ähtnama; Sebitara hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019-njy ýylda hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasyna; Türkmenistanda we Özbegistan Respublikasynda Söwda öýlerini döretmek hakyndaky Ylalaşyga; Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Ösümlikleriň karantini boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Işewürler geňeşini döretmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşyklary Federasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen Özbegistanyň Zenanlar komitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Özbegistanyň Ýaşlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Bu uly resminamalar toplumynyň döwlet Baştutanymyzyň goňşy ýurda bolan döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen beýleki resminamalaryň üstüni ýetirendigini bellemek gerek. Resminamalaryň birnäçesi bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga degişlidir, has takygy olar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny öz içine alýar.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanansoň, iki ýurduň döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Gepleşikleriň jemini jemläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljekki anyk ugurlarynyň kesgitlenendigini aýtdy.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Daşkendiň Mustakillik meýdançasynda bina edilen Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasyna ugradylar. Harby orkestriň ýerine ýetirýän dabaraly sazynyň astynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň etegine ajaýyp gül desselerini goýup, Özbegistan Respublikasynyň milli mukaddesligine hormatyň nyşany hökmünde tagzym etdi.

 Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň awtomobil kerweni Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň hormatyna gurlan binalar toplumyna tarap ugrady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda ýadygärligiň etegine ajaýyp gül dessesini goýdy we däp bolan dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşan görnükli döwlet işgäriniň ýagty ýadygärligini hatyralady.

Soňra bilelikdäki awtoulag kerweni Daşkendiň merkezindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine ugrady. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri türkmen şahyryny hatyralap, ýadygärlige ajaýyp gül desselerini goýdular.

 Soňra iki ýurduň Liderleri “Aşgabat” seýilgähiniň açylyş dabarasynyň geçýän ýerine ugrady. Seýilgäh Magtymguly köçesinden uzak bolmadyk künjekde 10 gektar meýdana uzap gidýär. Onuň binagärlik keşbinde türkmen paýtagtynyň özboluşly ýörelgesi görünýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew “Aşgabat” seýilgähiniň toý bagyny kesdiler. Şeýlelikde, seýilgäh resmi taýdan açyldy.

Agşam belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Özbegistanyň Prezidenti resmi agşamlyk naharyny berdi. Onuň dowamynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary söz sözlediler.

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.