BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ÝURT BOÝUNÇA EDARASYNYŇ TÄZE ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasynyň täze bellenilen direktory hanym Paulina Karwowska bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijeleri bilen kanagatlanma bildirdiler hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar 2018-2019-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Şertnamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça seljerme işini geçirdiler. Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen köpýyllyk özara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we netijeliligini belläp, taraplar ýakyn wagtda edilmeli işleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar 2018-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek ýokanç däl keseller boýunça ýokary derejeli Maslahata we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Bütindünýä Assambleýasynyň 71-nji mejlisine türkmen wekiliýetleriniň gatnaşmaklary bilen bagly meselelere garadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýakyn aragatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak we Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin esasy ölçegleri işläp düzmek hakynda ylalaşdylar.