GYRGYZYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň «BMG-niň Merkezi Aziýada Global kontrterroristik strategiýasyny amala aşyrmak boýunça» Ýokary derejeli maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aýbek Omokeew bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly häsiýetini belläp, taraplar ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar BMG-niň Global kontrterroristik strategiýasyny sebitde amala aşyrmak boýunça bilermenler derejesinde duşuşyklary gurnamak, daşary syýasat edaralarynyň arasynda bu mesele boýunça geňeşmeleri geçirmek we maslahat duşuşyklaryny gurnamak boýunça teklipleri öňe sürdüler.

Mundan başga-da, taraplar Aral deňzi bilen bagly meseleler toplumyna garadylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar babatynda taraplar söwda dolanşygyny giňeltmek maksady bilen ikitaraplaýyn aragatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary iki döwletiň hem bähbitlerine laýyk gelýän hil taýdan täze belent derejä çykarmagyň wajyplygyny bellediler.