TÄJIGISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE KABUL EDILDI

2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Global Kontrterroristik strategiýasyny amala aşyrmak boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrlyşy bilen tanyşdyrylyşyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ismatulla Nasredin bilen duşuşyk boldy.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp taraplar ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda halkara guramalarynyň, ilki bilen Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň meseleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri barada aýdylanda, taraplar biziň ýurtlarymyzyň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberlerini we eksport-import amallaryny ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp geçdiler.

Mundan başga hem, sebitleýin howupsyzlygyň we durnuklulygyň çagyryşlary we howplary, şeýle hem halkara terrorçylyga, neşeleriň bikanun dolanşygyna garşy göreşmekde bilelikdäki tagallalar we goňşy Owganystana ýardam bermek bilen bagly meselleler ara alnyp maslahatlaşyldy.