“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. 

Žurnal 2018-nji ýylyň esasy wakalarynyň biri – 23-nji fewralda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda, şeýle hem Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň düýbüniň tutulmagy hem-de Serhetabat-Turgundy täze demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere bagyşlanan makala bilen başlanýar.

Şeýle hem žurnalda Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi we Hindistan Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Mubaşir Jawed Akbar bilen ýokary derejedäki duşuşyklary barada maglumatlar berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuweýt Döwletine, şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi saparyna bu žurnalda aýratyn orun berlipdir. Şunuň bilen birlikde žurnalda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Hasan Ruhaniniň Türkmenistana bolan resmi saparyna bagyşlanylan makala ýerleşdirilipdir.

Bulardan başga-da, žurnalyň okyjylary Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna bagyşlanan, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan energetika syýasatyna we ulag-üstaşyr taslamalaryna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň taryhyna we 25-nji martda ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň biri Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ählihalk saýlawlaryna bagyşlanan makalalar bilen tanşyp bilerler.

 “Diplomatik durmuşyň hronikasy” diýen rubrikada paýtagtymyzda we daşary ýurtlarda geçirilen dürli derejedäki duşuşuklar we gepleşikler, hökümetara toparlaryň maslahatlary, daşary işler edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeler, halkara duşuşyklar we maslahatlar bilen bagly möhüm wakalar yzygiderli beýan edilipdir.

Žurnalyň türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilmegi onuň daşary ýurtlardaky giň okyjylar köpçüligine elýeterli bolmagyny üpjün edýär.