RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNDA MAGTYMGULY PYRAGY ADYNDAKY MEKDEP AÇYLDY

2018-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Astrahan oblastynda saparda boldy.

Şol gün Astrahan şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Astrahan oblastynyň gubernatory A.Žilkin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysadyýet, söwda, ulag, gämi gurluşyk, bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň diňe bir federal derejede däl-de, eýsem oblast derejesinde hem işjeň ösýändigi, Astrahan oblastynyň hem bu işde görnükli orun eýeleýändigi bellenilip geçildi.

Soňra Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda täze gurlan mekdebiň açylyş dabarasy boldy.

Çärä Astrahan oblastynyň gubernatory A.Žilkin, Russiýa Federasiýasynyň stats-sekretary, Daşary işler ministriniň orunbasary G.Karasin hem-de Russiýa Federasiýasynyň bilim we ylym ministriniň orunbasary P.Zenkowiç, “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň Astrahan sebit bölüminiň we oblast dumasynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň resmi wekiliýeti gatnaşdy. Dabara köp sanly ýerli ýaşaýjylar ýygnandylar, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wekilleri, Astrahanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary we iki ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri  hem geldiler.

Funtowo obasynda mekdebi gurmagyň taslamasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2016-njy ýylyň martynda badalga berildi. Bu mekdep Türkmeniň beýik ogly, dünýä edebiýatynyň  husgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterer. Mekdep Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen guruldy. Onuň gurluşygy döwrebap ölçeglere laýyklykda alnyp baryldy. Gurluşyk serişdeleri sebitde iri “Berkarar” ulag-ýolagçy ýük gämisi bilen daşaldy.

Täze mekdep üçin ýer tötänleýin saýlanmady. Funtowo obasynda Astrahan sebitinde iň köp türkmen kowçumlary ýaşaýar. Mekdebiň binasy 3,5 müň inedördül metrden gowrak bolan umumy meýdany tutup, 190 okuwça niýetlenen iki gatly okuw toplumydyr. Iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan giň, oňaýly, ýagty otaglar okuwçylara garaşýar.