TÜRKMENISTANDA IX HALKARA GAZ KONGRESI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 23-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi öz işine başlady. Bu iri ýöriteleşdirilen forumy “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen Gollandiýanyň “KHB Holland” kompaniýasy bilelikde gurady.

 Foruma dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 400-e golaý wekil gatnaşdy. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, ABŞ-dan, BAE-den, Ýaponiýadan, HHR-den, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Owganystandan, Pakistandan, GDA döwletlerinden wekilçilikli toparlar, türkmen tarapyndan bolsa bu çärä ýurdumyzyň Hökümetiniň agzalary we pudaklaýyn döwlet konsernleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

 Dabara gatnaşyjylar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Wekilçilikli forumyň tejribe alyşmak we gaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn çärä öwrüljekdigine ynam bildirip, döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara üstünlik hem-de netijeli işler arzuw etdi.

Maslahatlaryň dowamynda düzümleýin bölümleriň hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň wekilleri çykyş edip, gaz çykarýan we gaýtadan işleýän senagatyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Döwletimiziň ýangyç-energetika toplumynyň bar bolan ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmek üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmegiň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ol geologiýa-gözleg, burawlamak, gazy çykarmak, daşamak, saklamak ýaly ugurlary, şeýle hem häzirki zaman önümçilik düzümleriniň döredilmegini öz içine alýar.

Çykyş edenler ýurtlary durnukly ösdürmek maksady bilen energiýa serişdelerini daşary ýurtlara ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak ulgamynda türkmen Lideriniň başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň sebit üçin strategik ähmiýetine aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem maslahatda ýurdumyzyň gazy gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemek, nebit we gazhimiýa boýunça içerki bazarda bolşy ýaly, daşarky bazarda dürli görnüşli önümleriň önümçiligi boýunça täze kuwwatlyklary döretmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Foruma gatnaşyjylar energiýa serişdeleriniň ählumumy bazarynyň ösüşiniň, energetika howpsuzlygynyň we Türkmenistanyň dünýä bazarlaryna gazy ugradýan möhüm ýurt hökmündäki ornunyň wajyp meselelerine garadylar. Gün tertibine girizilen meseleleriň hatarynda energiýa göterijileriň eksport ugurlary, halkara hyzmatdaşlyk, Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmekde maýa goýum wezipeleriniň ileri tutulýan ugurlary, gazy ugradýan düzümiň milli we sebitleýin taýdan ösüşiniň meseleleri bar.