TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILDI
2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda dünýäniň köp ýurtlarynda ilkinji gezek Bütindünýä welosiped güni bellenildi, bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyryldy.
Ir bilen paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjeginde - Köpetdag şaýolunyň we Jülge köçesiniň kesişýän ýerindäki aýlaw çatrygynyň golaýynda ýygnandylar, bu ýerden Aşgabadyň ajaýyp görnüşi açylýar.
Ýygnananlaryň hatarynda hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, diplomatlar, ýaşlar bar.
Bu ýere, köpçülikleýin welosipedli ýörişiň badalga alýan künjegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geldi. Döwlet Baştutanymyz abraýly daşary ýurt guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de welosport boýunça dünýä çempionlary bilen gürrüňdeşlikde şu günki çärä gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, olaryň haýyşy boýunça ýadygärlik üçin bilelikde surata düşdi.
Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdi. Milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen degişli Rezolýusiýany kabul edendigini aýdyp, dünýäniň 56 döwletiniň Bütindünýä welosiped güni baradaky Rezolýusiýanyň awtordaşy bolandygyny belledi. 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky başlangyçlarynyň biragyzdan ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Bu köpçülikleýin welosipedli ýörişe dünýäniň dürli ýurtlaryndan belli myhmanlar gatnaşýarlar. Olaryň arasynda Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň prezidenti, üç gezek Olimpiýa çempiony Wýaçeslaw Ýekimow, dünýäniň çempiony Sergeý Nikitenko, “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň prezidenti I.Makarow we beýleki belli türgenler hem-de welosiped sportuny söýüjiler bar.
Milli Liderimiz ýygnananlary Bütindünýä welosiped güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, dabara gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Soňra hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berýär we agzybirlik bilen herekete başlan welosipedçiler hatarynyň öňüni çekýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdag şaýoly boýunça 8 müň 500 metr ýoly geçip, Saglyk ýolunyň gutarýan ýerinde pellehana geldi. Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşýanlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. Hormatly Prezidentimiz dynç gününde sport maşklaryny ýerine ýetirmek adatyna eýerip, paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine tarap ugrady.
Beýleki welosipedçiler bolsa Aşgabadyň köçeleri boýunça hereketi dowam etdiler, köpçülikleýin welosipedli ýörişiň umumy uzynlygy 30 kilometre deň boldy.
Bu baýram diňe bir paýtagtymyzda däl-de, ähli welaýatlarda geçirildi. Halkara welosiped güni dünýäniň köp ýurtlarynda bellenildi, ol ýerlerde 3-nji iýunda sport we dynç alyş çäreleri guraldy. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalary welosiped ýörişlerini guradylar. Şeýle köpçülikleýin ýörişler türkmen we daşary ýurt diplomatlarynyň, jemgyýetçilik, sport guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşlaryň, şol sanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýurdumyzyň talyplarynyň gatnaşmagynda Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Şweýsariýanyň, Saud Arabystanyň, Rumyniýanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Belarus Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Ukrainanyň we beýleki döwletleriň paýtagtlarynda geçirildi.