TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE KUWEÝT DÖWLETINIŇ WEKILIÝETI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 4-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen, Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Majdi Ahmad Al-Dhafiri bilen duşuşygy geçdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyznatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Uzakmöhletleýin esasda Kuweýt Döwleti bilen hyzmatdaşlygyň aýgytly ugurlaryny bellemegiň çarçuwasynda ýokary derejelerde geçirilen gepleşikleriň  wajyp ähmiýeti aýratyn bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň martynda Kuweýt Döwletine sapary dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar saparyň dowamynda gazanylan döwletara ylalaşyklaryny ýerine ýetirmegiň gidişiniň jikme-jik seljermesini geçirdiler.

Şol sanda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän sebitleýin hem-de halkara meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we sebitleýin he-de halkara guramalaryň çäginde, esasan hem BMG we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýän bu guramanyň ýöriteleşdirilen agentliklerinde ikitaraplaýyn mashatlaşmalary dowam etmegiň zerurlygyny bellediler.

Ynsanperwer gatnaşyklary babatda aýdylanda, taraplar medeniýet, ylym we bilim ugurlarynda özara gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alyşdylar.