ARGENTINA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TDIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA DUŞUŞYK GEÇIRDI
2018-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Rikardo Ernesto Lagorionyň Türkmenistana iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklaryň instituty bilen Argentina Respublikasynyň Daşary işler we kult ministrliginiň Milli daşary gulluk institutynyň arasynda diplomatik taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy we duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga institutyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň halkara arenasyndaky ýeten üstünlikleri, Argentina Respublikasynyň Türkmenistan bilen alyp barýan hoşniýetli diplomatik gatnaşyklary we geljegi, ylaýta-da bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklaryň instituty bilen Argentina Respublikasynyň Daşary işler we kult ministrliginiň Milli daşary gulluk institutynyň arasynda diplomatik taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Özara düşünişmek hakyndaky gol çekilişilen Ähtnamanyň geljekde iki tarap üçin hem uly ähmiýetiniň boljakdygyny belläp hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdylar. Şeýle-de Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisine eden çykyşy üçin sagbolsun aýdylyp, ýadygärlik sowgady gowşuryldy.