TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ TÄZE WEKILI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasynyň täze bellenilen direktory doktor Paulina Karwowska bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda täze bellenilen direktor saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmen tarapy dürli keselleriň meseleleri boýunça Türkmenistanyň we BSG-niň hyzmatdaşlygyna oňyn baha berdi we bu abraýly halkara gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýyllarynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten belent sepgitlerini belläp geçdi.
Türkmenistan temmäkiniň ulanylmagyny sazlaşdyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny we temmäki tüssesinden azat zolagy döretmäge gönükdürilen tagallalary edýändigini doktor Karwowska belledi.
Mundan başga-da ýokanç däl kesellere garşy göreşmekde degişli çäreleri görmek üçin Türkmenistanda berk esasyň döredilendigi aýdyldy. 2013-nji ýylda Aşgabatda geçirilen ýokanç keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmek boýunça ýokary derejedäki birinji Ýewropa maslahatynyň uly orny bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar 2018-nji ýylyň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýokanç däl keseller boýunça ikinji global maslahatyna taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.