TÜRKMENISTANYŇ JIU-JITSU BOÝUNÇA ÝYGYNDYSY AZIÝANYŇ ÇEMPIONATYNDA ÜÇÜNJI ORNA MYNASYP BOLDY

2018-nji ýylyň 10-16-njy iýulynda Aktauda (Gazagystan Respublikasy) erkek we zenan toparlaryň arasynda Aziýanyň Jiu-jitsu boýunça çempionaty geçirildi. Ýaryş «Mangystau Arena» sport toplumynda geçirildi.

Ýaryşa 20 ýurtdan 400-den gowrak türgenler gatnaşdy. Bu çempionat Jiu-jitsunyň Halkara federasiýasynyň (JJIF) kadalary boýunça söweş, «ne-waza», duo we kontakt görnüşleri boýunça geçirildi.

Türkmenistanyň ýygyndysy bu çempionatda 24 türgenden ybarat boldy. Olaryň arasynda halkara ýaryşlaryşlarynyň baýrakly orunlarynyň eýeleri, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň altyn we kümüş medallarynyň eýeleri bar. Şeýle hem sport wekiliýetiniň düzümine toparyň tälimçileri – Alan Niýamengliýew, Şöhrat Annamuhamedow, Döwletmyrat Kasymow we eminler - Rüstem Imamkuliýew we Leýla Kuliýewa girdiler.

Hakyky ussatlygy, örän gowy fiziki taýýarlygy we oňyn tehnikany görkezip, özüniň agram derejelerinde birinji ýerleriň eýeleri: söweş (kontakt) jiu-jitsu boýunça Mergen Tejenow (94kg), Serdar Hojamuhammedow (92kg), Rustam Rozmetow (77kg), Batyr Durdyýew (56кг) Aziýa – 2018 çempionatynyň ýeňijileri boldylar.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň gazananlaryna uly goşant goşan kontakt jiu-jitsu boýunça Sabina Agajanowa (70 kg ýokary), Weronika Rus (55kg), Awezmetowa Saýara (49 kg), «ne-waza» bölüminde Aýsoltan Garçowowa (70 kg ýokary), Filipowa Angelina (55kg) dagylar çempionatda zenanlaryň arasynda birinji ýerleriň eýeleri boldular.

Aziýa-2018 çempionatynyň netijeleri boýunça jiu-jitsu boýunça umumy hasapda ýaryşa gatnaşan 20 ýurduň arasynda Türkmenistan 3-nji orna eýe boldy. Türkmenistandan gelen türgenler çempionatyň netijeleri boýunça 9 altyn, 5 kümüş, 4 bürünç medallaryň eýesi boldylar.