Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy hakynda

photo

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşdy.

Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Awaza forumynyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we olaryň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça netijeli meýdança bolup, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin oňyn özgertmeleri alamatlandyrýandygyny belledi.

Şeýle hem dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, ýurdumyzda geçirilýän ýokary derejedäki maslahata gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy meselelerine geçip, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine iki ýurduň hem ygrarlydygyny nygtadylar.

Bellenilşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan we Azerbaýjan diňe bir ikitaraplaýyn esasda gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen çäklenmän, iri halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerine, durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine berk ynam bildirdiler.