Hazar mediaforumy: sebitiň ösüşiniň bähbidine hyzmatdaşlyk

Türkmen wekiliýetiniň işjeň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen IV Hazar mediaforumynda Hazar redaksiýasynyň iş maslahatyny (Hazarýaka ýurtlarynyň žurnalistleriniň resmi däl birleşiginiň) «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek barada teklip öňe sürüldi. Foruma gatnaşyjylaryň köpüsi bu ýerde bolup görmek islegini beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Awazada diňe bir dynç almak üçin däl, eýsem, halkara ähmiýetli çäreleri geçirmek üçin hem ajaýyp şertler döredildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde mediatehnologiýalary öwrenmek hem-de ornaşdyrmak, halkara maglumatlar giňişliginde eýeleýän ornuny berkitmek, ýurdumyzyň hakyky keşbini döretmek we tutuş dünýäde biziň amala aşyrýan özgertmelerimizi we üstünliklerimizi, ähli halklaryň abadançylygyna, ýurtlaryň hem-de sebitleriň howpsuz we durnukly ösüşine gönükdirilen başlangyçlarymyzy okyjylara hem-de tomaşaçylara ýetirmek babatda anyk wezipeleri goýdy.

Türkmen wekiliýetiniň wekilçilikli mediaforuma gatnaşmagy daşary ýurtly kärdeşler bilen gatnaşyklary ýola goýmak, tejribe alyşmak we milli Liderimiziň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde goýan esasy wezipelerine laýyklykda bilelikdäki taslamalary döretmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Forumyň jemleýji gününde “Azimut” myhmanhanasynda ýaş žurnalistler üçin okuw maslahatlary hem-de Hazar redaksiýasynyň iş mejlisi geçirildi. Olara hormatly myhman hökmünde Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkin çagyryldy.

Oblastyň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Hazar sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşandyny we milli Liderimiziň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde öňe süren başlangyçlarynyň uly ähmiýetini belledi. Gubernator hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen indiki ýyl Türkmenistanda geçiriljek Hazar ykdysady forumyny giňden beýan etmekde sebitiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde uly wezipeleriň durýandygyny belläp, bu çäräniň sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

A.Žilkin Hazar mediaforumynyň çäklerinde geçirilen “Serhetsiz Hazar” atly döredijilik bäsleşiginde biziň žurnalistlerimizi gazanan üstünlikleri bilen gutlap, şu ýyl foruma Türkmenistandan uly wekiliýetiň wekilçilik edendigini belledi. Munuň özi Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklaýar.

Hazar redaksiýasynyň iş maslahatynyň çäklerinde hem-de Hazar mediaforumynyň meýdançalarynda Hazarýaka ýurtlarynyň žurnalistleriniň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň türkmen kärdeşleri bilen gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.

Duşuşyklaryň barşynda häzirki wagtda Hazarýaka ýurtlarynyň metbugatynyň okyjylaryny hem-de teleýaýlymlarynyň tomaşaçylaryny gyzyklandyrýan anyk meseleler barada gürrüň edildi, hususan-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, Türkmenistanda geçirilýän halkara sport we medeni çäreleriň meşhurlygynyň artýandygy nygtaldy.