“Amul - Hazar” – Türkmenistanyň täze sport nyşany
Türkmenistanyň sährasynda geçirilen awtomobil ýaryşy uly gyzyklanma döretdi. Şu günler iri metbugat we halkara mediýa neşirlerinde «Amul — Hazar 2018» awtorallisiniň jemleri hem-de netijeleri hakynda giňişleýin maglumatlar berilýär.
Ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen giň möçberli awtomobil ýaryşlarynyň başlangyjynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini we milli Liderimiziň oňyn başlangyç tapgyryny açyp, bäsleşige gatnaşandygyny belleýärler.
“Amul — Hazar” halkara awtorallisine dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan türgenler, şol sanda ady belli bolan meşhur awtomobil sürüjiler gatnaşdylar. Olar özleri üçin nätanyş ugur bilen çylşyrymly ýoly geçmäge uly gyzyklanma bildirdiler. Žurnalistler bu ýaryşlaryň awtomobil sporty boýunça halkara bäsleşiginiň senenamasyna girizilendigini belläp, onda türkmen türgenleriniň möhüm orun eýeländigini nygtadylar.
“Amul — Hazar 2018” awtorallisine 20-den gowrak ýurtdan ekipažlar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Beýik Britaniýa, Fransiýa, Çehiýa, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Saud Arabystany we beýleki ýurtlar bar. Bu ýaryşlary beýan etmäge gatnaşan žurnalistleriň sany has-da köp. Abraýly täzelikler agentlikleriniň, halkara teleýaýlymlaryň, sport portal ulgamlarynyň onlarçasy Türkmenistanda geçirilen ýaryşlary dünýäde wagyz etdiler.
Internet saýtlaryna goşulan wideoroliklere we RT (“Russia Today”) teleýaýlymynda alty dilde beýan edilen habarlara millionlarça tomaşaçylar goşuldy. Bu habar ýerleşdirilen gününden bir gün geçensoň, şol saýty peýdalananlaryň sany 1,2 milliondan gowrak boldy.
Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “100” belgili sport awtoulagyna erk edip, Amyderýanyň kenaryndan badalga beren we Awazanyň giňişliklerinde jemlenen awtomobil ýaryşlarynyň esasy tapgyrlaryny beýan edýän wideorolige bäsleşige gatnaşyjylar bilen söhbetdeşlikler, Garagum sährasy boýunça okgunly hereket edýän ulaglaryň tizligi, ekipažlaryň dynç alşy we tehniki işleri, ýaryşa gatnaşyjylaryň dabaraly ýörişi girizildi.
Şeýle hem onda ýeňijiler yglan edilip, olaryň netijeleri barada habar berilýär. Türkmenistanyň toparynyň baýrakly orna düşmegi myhmansöýer ýurduň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyny we ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklara açykdygyny tassyklady.
— “Amul — Hazar 2018” rallisi dünýä awtomobil ýaryşlary ulgamynda özboluşly waka öwrüldi — diýip, RT öz beýanynda belleýär. Şeýle hem bu habar degişli wideo arkaly utgaşdyrylyp, beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ugradyldy. — Bu ýaryşyň janköýerleri täze rallä sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Ýaryş Garagum çägeleriniň içi bilen gadymy “Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirildi” diýlip, ýaýlymda bellenilýär.
Şeýle hem RT ýaýlymynyň habarçylary ralliniň howpsuzlyk we ekologiýa derejesine aýratyn ähmiýet berlendigini nygtadylar. Olar “Ähli toparlar ýörite ekologiýa taýdan arassa, Türkmenistanda öndürilen ýangyç bilen üpjün edildi. Munuň özi howanyň hapalanmagynyň pes derejede bolmagyny şertlendirdi» diýip bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna halkara awtorallisine gatnaşyjylaryň sport ulaglaryny hem-de beýleki tehnikasyny, şeýle hem ýaryşlara hyzmat edýän işgärleriň ulaglaryny A-95 kysymly benzini we ýurdumyzda öndürilen EKO-5 kysymly dizel ýangyjy bilen muzdsuz üpjün etmegi borçlandyrandygy barada degişli Karara gol çekendigini ýatladýarys.
RT ýaýlymynyň topary biziň ýurdumyzda ýygy-ýygydan bolýar. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen barha ösdürilýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde köp millionly tomaşaçysy bolan bu halkara teleýaýlymyň surata düşüriji topary Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň açylyşy mynasybetli gepleşik taýýarlady. Şeýle hem olar “Garagum ýalkymy” ady bilen türkmen topragynyň ajaýyplygy barada “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralliniň geçýän ugrunda ýerleşýän düşelgeleriň birinde wideorolik taýýarladylar.
Şeýle hem “Eurosport” ýaýlymynda türkmen sährasy boýunça geçirilen ýaryşyň ähli bäş tapgyry barada aýratynlykda taýýarlanylan şekiller berildi. Ýaryşyň jemleýji tapgyry hakynda edilen rolik has meşhurlyk gazandy. Oňa bir ýarym milliona golaý tomaşaçy syn etdi. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpüsi “Çöldäki tomaşa”, “Amul giňişliginden Hazara çenli Türkmenistanyň sährasy ajaýyp şekilleri bilen özüne çekýär” diýen sözbaşylar bilen köp sanly makalalar taýýarladylar. Bir söz bilen aýdylanda, Garagumda geçirilen ralli ýaryşlaryna aýratyn üns berildi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň birnäçesi ýaryşa gatnaşyjylaryň aýdan sözlerini beýan etdiler. Olar ýaryşyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginde milli Liderimiziň goldawyna aýratyn ornuň degişlidigini nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda iri sport ýaryşlaryň geçirilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegine ähmiýet berýär. Bu babatda halklary we medeniýetleri baglanyşdyrýan, sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň berkidilmegine ýardam berýän iri sport çärelerine möhüm orun degişlidir.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda degişli döwrebap düzümi kemala getirmek boýunça ägirt uly işler ýaýbaňlandyryldy. Şol bir wagtyň özünde jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, halkymyzy, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, köp döwletleriň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen awtoralliniň üstünlige beslenmegi ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrmak bilen bir hatarda onuň dürli görnüşlerini, şol sanda awtomobil sportuny giňden wagyz etmäge şert döretdi.
Köp sanly sport neşirlerinde, şol sanda ýöriteleşdirilen awtomobil sporty neşirlerinde “Amul — Hazar 2018” halkara rallisiniň türkmen rallisini guraýjylaryň toparyna ýolbaşçylyk eden Žan-Lui Şlesseriň guraýan meşhur “Afriсa Eсo Raсe” rallisiniň saýlama tapgyryna öwrülendigi bellenilýär. Munuň özi “Dakar” derejeli dünýä ýaryşlarynyň sanawyna goşulmak üçin oňyn şerti üpjün edýär.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi üstünlikli jemlendi. Çylşyrymly ugurlar boýunça geçirilen ýaryşlar tehnikalar üçin bolşy ýaly, türgenler üçin hem çynlakaý synaga öwrüldi.
Garagumuň alaňlary, göçýän çägeleri ýol üçin çylşyrymly şertleri döretse-de, sähranyň gözelligi ýaryşa gatnaşyjylary beýik ýeňişlere ruhlandyrdy. Munuň özi diňe bir sport bäsleşigi bolman, eýsem, ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, halklaryň arasyndaky dostluk we birek-birege düşünişmek gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşant boldy. Ähli ýaryşlarda bolşy ýaly, bu gezekki rallide hem bäsdeşlik, ýokary ussatlyk we göreş ýaly ugurlar mahsus boldy. Ýöne munuň özi parahatçylyk ýörelgeleriniň daşynda agzybirligi, bitewüligi üpjün eden sport baýramçylygyna öwrüldi.
Mundan başga-da, bu taslamanyň medeni gatnaşyklar babatda hem möhüm orny boldy. Ol ýurdumyzyň baý mirasyny, taryhy ýadygärlikleriniň, milli medeniýetiň baýlygyny, türkmen halkynyň nesilden-nesle geçirip, aýawly saklaýan däp-dessurlaryny dünýä ýüzünde wagyz etmek üçin ajaýyp mümkinçilige öwrüldi.
Şeýle hem ýaryşa gatnaşyjylar Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleri, onuň ýurduň ähli sebitlerini gurşap alandygyny, durmuş-ykdysady ösüşleri, ylmy-tehniki derejäni we senagat taýdan galkynyşyny ýakyndan gördüler.
“Afriсa Eсo Raсe” ralli-marafonyň baş direktory Žan-Lui Şlesser hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ralliniň hakyky ýeňijisi diýip yglan etmegi kanunalaýyk ýagdaýa öwrüldi. Bu rallini geçirmek baradaky teklibiň öňe sürülmeginden birnäçe aý ozal onuň guramaçylaryna döwlet Baştutanymyz tarapyndan ägirt uly goldaw berildi. Hut şu tagallanyň netijesinde ägirt uly üstünlik gazanyldy diýip, Şlesser milli Liderimize ýörite baýragy gowşuranda aýtdy.
Garagum sährasynda geçen ýaryşlar oňa gatnaşyjylarda, şol sanda millionlarça janköýerlerde we daşary ýurtlaryň tomaşaçylarynda, okyjylarynda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu iri ýaryşlaryň oňyn netijesi baradaky gürrüňler entekler dowam eder. Şeýle hem bu awtoralli diňe bir awtosporty ýa-da sport hereketini ösdürmek babatda däl, eýsem, ekologiýa ugurly ykdysadyýeti, ulag toplumyny kemala getirmekde, syýahatçylyk babatda ähmiýetli bolar.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugry köp sanly dabara gatnaşyjylar we ralliniň myhmanlary tarapyndan uly gyzyklanma eýe boldy. Olar Türkmenistanyň ajaýyp taryhy ýadygärlikleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin bu ýurda ýene-de geljekdiklerini buýsanç bilen aýtdylar. 2019-njy ýylda geçiriljek ýene bir awtoralli täsin Garagum sähralyklaryna gaýdyp gelmek üçin ýakymly mümkinçilik bolar.