“Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda”
Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda TYA-nyň akademigi, ykdysady ylymlаryň doktory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Kitap baý tebigy, ägirt uly önümçilik, düzümleýin we adam mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyzyň depginli ösüşine, milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň, 2015-nji ýylyň sentýabrynda BMG-ä gatnaşyjy döwletleriň ählisi tarapyndan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň düzüm böleginiň esasy hökmünde kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda iri durmuş-ykdysady ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylyşyna seljerme häsiýetde syn berilýän görnüşdedir.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde ýokary ykdysady okuw mekdebiniň maslahatlar zalynda hökümet agzalarynyň, ykdysady toplumyň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hünär ugurly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň, jemgyýetçilik işgärleriniň, alymlaryň, halkara guramalaryň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda ýygnanyşyk geçirildi.
Duşuşygyň açylyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasy öz mazmuny boýunça her bir adamyň bähbitlerine gönükdirilendir. Ol Durnukly ösüş maksatlaryna kybap gelýär. Milli Liderimiziň täze kitabynda döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň strategik wezipeleri, onuň ileri tutulýan ugurlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň netijesinde gazanylan üstünlikler beýan edilýär.
Mälim bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlarynyň konsepsiýasy esasynda ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlaryny birleşdirýär. Ykdysady ugur tebigy, energetiki, maddy-önümçilik serişdeleriň oýlanyşykly ulanylmagynda jemlenýär, durmuş ugry adamzadyň ösüşine, durmuş we medeni ulgamyň durnuklylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir, ekologiýa ugry bolsa tebigy ulgamlaryň biologiki we fiziki umumylygynyň üpjün edilmeginde jemlenýär.
Täze kitap Türkmenistanyň BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýändiginiň ýene bir subutnamasydyr, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, sebit we dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly, möhüm meseleleri çözmek boýunça ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamak boýunça ählumumy tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşyjy bolup durýar.
Türkmenistanyň gazananlary häzir köp ýurtlarda we halkara bilermenlerde öz-özünden düşnükli gyzyklanmalary döredýär. Şunda hemme syýasatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, abraýly halkara guramalaryň bilermenleri, ýurdumyzyň şek-şübhesiz üstünliklerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan, düýpli oýlanyşykly hem-de döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän syýasaty bilen baglanyşdyrýarlar. Ýurdumyzyň toplan tejribesi milli we dünýä derejesinde ägirt uly gymmatlyga eýedir.
Okyja hödürlenen täze kitapda ylmy-publisistik görnüşde döwleti we jemgyýeti hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak işleri görkezilýär. Ykdysadyýetiň depginli diwersifikasiýalaşdyrylmagy, durnukly ykdysady ösüşiň we ähli derejelerde ýokary durmuş ölçegleriniň üpjün edilmegi milli Liderimiz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan täze durmuş-ykdysady strategiýa bilen baglylykda açylyp görkezilýär. “Döwlet adam üçindir!” diýlip anyk kesgitlenen ýörelgäniň üsti bilen ýurdumyzyň hakyky demokratik jemgyýete we hukuk döwletine, ýokary gymmatlyklar hökmünde adamyň hem-de raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge tarap öňe gitmegindäki üstünlikler beýan edilýär.
Dünýä derejesinde Türkmenistanyň yglan edýän maksatlarynyň hem-de anyk ädimleriniň many-mazmunyna düşünmegiň açary döwletiň içeri syýasatynyň baş wezipelerine degişli ulgamda durýar, şol wezipe bolsa ykdysady abadançylygy we durmuş taýdan gülläp ösüşi gazanmakdan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemişe aýdýar.
Häzirki zaman dünýäsiniň ýagdaýlaryna, uzak möhletli milli maksatlara we bähbitlere anyk baha bermegiň esasynda kitapda Türkmenistanyň syýasy ýörelgesiniň strategik wezipeleri, Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça esasy ileri tutulýan ugurlar we çäreler beýan edilendir.
Şu günki tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň täzeçilligi, döwrüň wajyp meselelerini çözmäge ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, depginliligi we jogapkärçiligi bilen tapawutlanýandygyny bellediler.
Ol dünýä jemgyýetçiliginde meşhur bolup giňden ykrarnama eýe boldy, milli Liderimiziň netijeli başlangyçlary babatda bolsa Garaşsyz, Bitarap we parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýy has-da belende galdy.
BMGÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin edarasynyň maksatnamalaýyn utgaşdyryjysy Ýekaterina Paniklowa hemmeleri döwlet Baştutanymyzyň täze işiniň çapdan çykmagy bilen gutlap, bu kitabyň ýurduň ösüşiniň häzirki ýagdaýy hem-de ählumumy gatnaşyklary goldamaga we dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga ýurduň goşýan goşandy bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin peýdaly boljakdygyna çuňňur ynam bildirdi.
Hanym Paniklowa öz çykyşynda şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ulgamynda BMG bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny häsiýetlendirdi, bu işleriň möhüm netijelerini belläp geçdi. Şol netijeleriň hatarynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýanynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça Okuw-usulyýet merkeziniň döredilendigini agzady. Bu merkeziň esasy wezipesi ýaşlary, hususy düzümleri we jemgyýetçilik guramalary goşmak bilen, ilatyň giň gatlaklarynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlary barada bilimleri giňeltmekden ybaratdyr.
ÝUNISEF-iň wekilhanasynyň baştutanynyň orunbasarynyň, şeýle hem BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Siraj Mahmudlunyň eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan sebitde işleri ählumumy maksatlara kybap getirmäge girişen ilkinji ýurtlaryň biri boldy. Netijede, Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-si, wezipeleriniň 148-si we görkezijileriniň 175-si millileşdirildi. Ýurtda ýörite düzüm — ministrleriň orunbasarlarynyň we dürli edaralaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde Durnukly ösüş maksatlary boýunça işçi topary döredildi. Geçirilýän seljermelere hem-de milli hasabatlylyga jogapkär hökmünde esasy utgaşdyryjy wezipe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň üstüne ýüklenildi.
Olar boýunça seljeriş geçirmek we hasabatlylyk, hatda, ýokary derejede ösen statistiki ulgamlar üçin hem örän çylşyrymly wezipe bolup durýar diýip, jenap Mahmudlu belledi. Şunuň bilen baglylykda, BMG “Tiz integrirlenen baha” diýip atlandyrylan serişdäni işläp taýýarlady. Şeýle baha berilmegi ýurt üçin Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça ýolgörkezijini düzmekde ilkinji ädim bolup durýar. BMG Türkmenistanda şeýle baha berlişini geçirmekde 2017-nji ýylda goldaw berdi, bu seljermeleriň netijesinde, Durnukly ösüş maksatlarynyň ählumumy görkezijileriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan milli strategiýalara we maksatnamalara has ýakynlaşdyrylandygy tassyklanyldy. Mundan başga-da, BMG bilen bilelikdäki işleriň barşynda Türkmenistanda durnukly ösüşiň esasy ugurlaryna degişlilikde ulanylýan tizleşdirijiler ýüze çykaryldy.
Siraj Mahmudlu şeýle hem indiki ýyl Türkmenistanyň Hoşniýetli milli syna gatnaşjakdygyny aýtdy. Şonda ýurdumyz Gün tertibi — 2030-y amala aşyrmakda öz tejribesini bütin dünýä aýan eder. Oktýabr aýynda ýurdumyzyň hökümeti we BMG Hoşniýetli milli synyň üns merkezinde boljak Durnukly ösüş maksatlarynyň 6-synyň esasy görkezijilerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşarlar. Ol şeýle hem häzirki wagtda 2019-njy ýylyň fewralynda geçiriljek Durnukly ösüş maksatlaryna baha bermek boýunça sebit maslahatyna taýýarlyk görlüp başlanandygyny hem-de ýakynlaşmak, seljerme geçirmek we Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek ulgamynda tejribe hem-de öňdebaryjy işleri alyşmak üçin mümkinçilikleri hödürlejekdigini aýtdy. Bu babatda Türkmenistanyň tejribesi, hormatly Prezidentimiziň kitabynyň şaýatlyk edişi ýaly, maslahata gatnaşyjy beýleki döwletler üçin örän peýdaly bolup biler diýip, jenap Mahmudlu nygtady.
Myhman özara gatnaşyklaryň käbir ugurlaryny anyklaşdyryp, Gün tertibi — 2030 üçin zerur bolan saglygy goraýşy maglumat taýdan dolandyryş ulgamyny işläp taýýarlamak babatda BMG-niň edaralary we ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan geçirilen uly işleri belledi. Şeýle işler bilim ulgamynda-da başlandy.
Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň Durnukly ösüş maksatlary hem-de ýaşlar babatda möhüm ýagdaýlary özünde jemleýändigi bellenildi. Siraj Mahmudlu hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
“Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” diýen kitap ýurdumyzda alnyp barlan işleriň ägirt uly möçberlidigini hem-de mundan beýläkki meýilleriň takyk esaslandyrylandygyny hem-de oýlanylyp düzülendigini göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän maglumatlara baý we statistiki serişdeleri özünde jemleýär.
Awtoryň adyndan giriş sözünde bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň bu kitaby ýazmak pikiri 2015-nji ýylda Nýu-Ýorka iş saparynyň barşynda döredi. Şonda Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisine gatnaşdy. Şonuň çäklerinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüşiň meseleleri boýunça sammit geçirildi.
Ortaça möhletli geljek üçin wajyp iri möçberli wezipeleri çözmek boýunça hereket etmegiň toplumlaýyn meýilnamasynyň dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilmegi şol mejlisiň möhüm netijesi boldy. Şonda BMG-niň belent münberinden çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy durnukly ösüşiň we halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklibi öňe sürdi. Ählumumy ösüş üçin hyzmatdaşlygyň täze strategiýasynyň zerurdygy bellenildi.
Şonuň ýaly strategiýa Gün tertibiniň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş babatdaky 17 global maksady we 169 wezipäni özünde jemleýän strategiýasy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edildi. Ýurtlaryň we halklaryň ykdysadyýet, durmuş we ekologiýa babatda durnukly ösüşi gazanmaga bolan aýgytly gadamlary bu strategiýanyň esasy häsiýetlerine öwrüldi. Ýöne biziň döwletimiziň işjeňligi ählumumy Durnukly ösüşiň maksatlaryny hem-de wezipelerini diňe bir milli derejede ara alyp maslahatlaşmagyň öň ýanynda ýüze çykmady — birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistan BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň belent münberinden başlangyçlaryň toplumyny öňe sürdi. Bu bolsa BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde ýurdumyza giň meşhurlyk getirdi diýip, döwlet Baştutanymyz öz kitabynda belleýär.
Şeýle hem ählumumy Durnukly ösüşiň maksatlaryna meňzeş bolan milli derejedäki wezipeler Türkmenistanda BMG-niň sammitiniň ýubileý mejlisine çenli baryp mundan ýedi ýyl ozal çözülip başlandy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine saýlananyndan soň, beren hökümet tabşyryklarynyň ilkinjileriniň biri býujeti onlarça trillion manada barabar bolan gerimi we ähmiýeti boýunça deňsiz-taýsyz esasy durmuş maksatnamasynyň döredilmegi boldy. Ol türkmen halkynyň durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirildi.
“Sebitleri ösdürmegiň milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegi dowam edýär, ýöne eýýäm häzir ol lukmançylyk hyzmatynyň we bilimiň hilini ep-esli ýokarlandyrdy, şäher we oba ýerlerinde ýaşaýşyň durmuş derejesini halkara ölçeglere ýakynlaşdyryp deňleşdirdi.
Durnukly ösüşiň maksatlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan heniz olaryň kabul edilmegine çenli has öň Türkmenistanda milli derejede amala aşyrylyp başlanylyşy barada döwlet Baştutanymyzyň täze işinde anyk mysallaryň we hakyky netijeleriň üsti bilen gürrüň berilýär.
Kitap iki bölümden ybaratdyr. Birinji bölüm Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek babatda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine bagyşlanandyr. Ol awtoryň ýurduň geçen ýoluny umumylaşdyrýan hem-de geljegiň gözýetimlerini açýan teswirlemelerini özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan düýpli esaslandyrmalar bilen geçirilen oýlanyşykly we tutumly seljerme berlen girişden soň, kitap bölümleriň 17-si bilen dowam edýär. Olaryň her birini Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk getirdi. Şol maksatlaryň birnäçesine milli tejribede eýýäm üstünlikli ýetildi we şu babatda biziň ýurdumyz öz oňyn tejribesini we işläp taýýarlamalaryny beýleki döwletlere bermäge taýýardyr. Beýleki maksatlar boýunça hem ulgamlaýyn çäreleriň hem-de öňde goýan wezipeleri çözmegiň köp derejeli usulynyň netijesinde oňyn depgin hasaba alynýar.
Kitabyň ikinji baby durnukly ösüş maksady bilen, makroykdysady deňölçegliligi hem-de daşary-ykdysady syýasaty kämilleşdirmegiň meselelerine bagyşlanypdyr. Onda 2030-njy ýyla çenli milli strategiýanyň esasy ugurlary, maksatlary hem-de ileri tutulýan ýollary kesgitlenildi, halkara hyzmatdaşlygyň wezipeleri beýan edildi, Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň öňde goýan maksatlary hem-de ýurdumyzyň inklýuziw, giň gurşawly ösüşi babatdaky esasy çäreleri beýan edildi.
Täze kitap baý infografikalardan başga-da, Türkmenistanda durmuşyň häzirki zaman derejesi barada aýdyň düşünje berýän owadan fotosuratlary özünde jemleýär. Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir, syýasatçylar, ykdysadyýeti seljerijiler, jemgyýetçilik ylmynyň mugallymlary, talyplar bu kitapda özüniň ygtybarly kömekçisini taparlar.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, mähriban halkymyzyň hem-de Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işleri üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.