FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) h-m Mariýa Elina Liiwala bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdi we syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesini belläp geçdi. Gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyp, taraplar türkmen-fin hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem kämilleşdirmegiň zerurdygyny bellediler hem-de söwda, bilim pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar. Türkmen tarapy 2 ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleri 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirmegi teklip etdi. Geljekde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin işewürler wekilýetleriň ikitaraplaýyn saparlaryny gurnamak mümkinçiliklerine, şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň giňişleýin gatnaşmagynda işewürler maslahatyny geçirmek meselesine seredildi.
Halkara giňişligindäki işjeňligi hakynda aýtmak bilen, taraplar Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekdäki başlangyçlarynyň ähmiýetini bellediler. Şeýlelikde, taraplar Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns çekdiler.
Duşuşygyň dowamynda Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi h-m Mariýa Elina Liiwala öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.