TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NÝU-ÝORK ŞÄHERINE IŞ SAPARY BILEN GELDI

2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Nýu-Ýorka tarap ugrady. Prezidentiň uçary birnäçe sagat uçandan soň, Jon Kennedi adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar.

Howa menzilinden milli Liderimiz sapar wagtynda “Mandarin Oriental” diýen ajaýyp myhmanhanada ýerleşen özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady. Bu kabulhana Manhetteniň merkezinde ýerleşýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz özi üçin niýetlenen kabulhanadan çykyp, Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasyna tarap ugrady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasyna gelip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň Başlygy hanym Mariýa Fernando Espinosa Garses bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we esasy ugurlary barada pikir alşyldy. Bu hyzmatdaşlyk häzirki döwürde köpýyllyk baý tejribä daýanyp, hil taýdan täze derejä çykdy. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň artýan depgini, belli bir maksada gönükdirilmegi we anyklygy bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigini BMG-niň iri düzümleri bilen netijeli gatnaşyklar tassyklaýar, şolar bilen bilelikde, dürli ugurlarda taslamalar üstünlikli amala aşyryldy we durmuşa geçirilýär.

Soňra milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň belent münberinden çykyş edip, sebitiň we dünýäniň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary beýan etdi.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Jenap Antoniu Guterreşiň belleýşi ýaly, dünýä bileleşigi 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryndan we wezipelerinden gelip çykýan bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça maksada gönükdirilen işleri amala aşyrýan we anyk çäreleri geçirýän Türkmenistanyň goşandyna ýokary baha berýär.

Milli Liderimiz adamlaryň ähli babatda abadan hem-de mynasyp durmuşyny üpjün etmek üçin şertleriň döredilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow munuň durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýändigini belledi. Milli Liderimiz biziň döwletimiz bilen hyzmatdaşlyga yzygiderli üns berýändigi, Türkmenistanyň başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýandygy üçin Baş sekretara minnetdarlyk bildirdi.