TÜRKMENISTAN – ABŞ: IŞJEŇ HYZMATDAŞLYGYŇ ÝAGTY GELJEGI
Amerikanyň Birleşen ştatlarynda iş saparynda bolýan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Nýu-Ýorkuň “Mandarin Oriental” myhmanhanasynda geçirilen “Türkmenistan - ABŞ” işewürler maslahatyna gatnaşdy.
Döwlet baştutanymyzyň iki ýurduň işewür adamlary bilen duşuşmagy söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek üçin we bilelikdäki tagallalary birleşdirip täze gatnaşyk ugurlaryny açmak üçin örän wajyp ähmiýete eýedir. Bu duşuşygyň ýene-de bir aýratynlygy, ol hem “Türkmenistan - ABŞ” Işewürler Geňeşiniň döredilenine 10 ýylyň dolmagydyr. Geňeş Türkmen Lideriniň hut şu ýrde, Nýu-Ýork şäheriniň Rokfeller merkezinde ýüzlerçe amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde çykyş edende öňe süren başlangyjy esasynda döredilipdi.
Işewürler maslahatyny “Türkmenistan - ABŞ” Işewürler Geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart açdy. Öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga gyzyklanmalarynyň bardygyny belläp, Erik Stýuart ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda özleriniň işjeňligini giňeltmeklige we halkyň bähbidi üçin iri döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek üçin işjeň gatnaşmaklyga berk islegleriniň bardygyny tassyklady.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.
Maslahata gatnaşýan we biziň ýurdumyz bilen köp ýyllap hyzmatdaşlyk edýän amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny, wekillerini we türkmen hyzmatdaşlary bilen bile işlemäge höwes bildirýän işewürleri mübärekläp, Türkmen lideri bu forumyň şeýle wekilçilikli düzümine amerikan işewürler toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge çalşýandygy hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Işewürler maslahatynyň dowamynda ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalary özleriniň täze taslamalary bilen tanyşdyrdylar. «John Deere» amerikan kompaniýasy däne orujy we pagta ýygyjy kombaýnlaryň, traktorlaryň Türkmenistanyň toprak-howa şertleri nazara alnyp ýörite taýýarlanylan iň täze görnüşleriniň nusgalaryny görkezdi.
“Boeing” kompaniýasynyň menejerleri uçarlaryň täze görnüşleri bilen tanyşdyrdylar we tygşytly ýolagçy gatnadýan uçarlaryň tehniki häsiýetnamasyny aýdyp berdiler.
Forumda başga-da “Case”, “Caterpillar”, “General Electric” we beýleki iri kompaniýalarynyň wekilleri çykyş etdiler hem-de Türkmenistanyň tehnologiýa täzeleniş we giň hyzmatdaşlyk ýoly bilen üstünlikli hereket etmegi üçin we ýurtda daşary ýurt kompaniýalarynyň işlemegi üçin döredilen şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşandyny belläp geçdiler.
Işewürler maslahatynyň netijelerini jemlemek bilen “Türkmenistan - ABŞ” Işewürler Geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen ykdysadyýetini dünýä ulgamyna integrirlemäge gönükdirilen anyk ölçenen strategiki ugry özüniň miwelerini berýär we hyzmatdaşlyk etmegiň täze ugurlaryny, has batyrgaý pikirleri we başlangyçlary ýerine ýetirmek mümkinçiliklerini açýar, diýip belledi.