PRESS-RELIZ

Türkmenistanyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky Halkara paktynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça nobatdaky Milli hasabatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça komiteti tarapyndan seredilmegi hakynda

2018-nji ýylyň 1-2-nji oktýabry aralygynda Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça komitetiniň (CESCR) 46-njy mejlisinde Türkmenistanyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky Halkara paktynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça nobatdaky ikinji Milli hasabaty diňlenildi.

Bu çärede Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, medeniýet ministrliginiň we Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri goşuldy.

Hasabata seretmegiň çäklerinde CESCR-uň bilermenlerine ilkinji hasabata seredilen wagtdan bäry, ýagny 2011-nji ýyldan bäri Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky Halkara paktynyň kadalaryny ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri barada jikme-jik maglumat berildi.

CESCR-uň bilermenleri Türkmenistanyň wekiliýeti bilen işjeň ýagdaýda geçiren gepleşikleriniň barşynda erkekleriň we zenanlaryň hukuklarynyň deňligi, maşgalany we çagalary goramak, zähmet çekmäge bolan hukugynyň we zähmetiň adalatly we oňyn şertleriniň üpjün edilmegi, durmuş taýdan gorag, fiziki we ruhy taýdan sagdynlyk, bilim hem-de kärdeşler arkalaşygynyň we medeni hukuklary hakynda pikir alyşdylar.

Komitet Türkmen tarapynyň taýýarlan esasy we goşmaça maglumatlaryň hiline we Halkara pakt tarapyndan soralýan dürli-dürli soraglary ara alyp maslahatlaşmaga bolan taýýarlygyna oňyn baha berdi.

Türkmenistanyň Halkara paktynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Milli hasabatyna garamagyň jemleri boýunça Komitet Ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryň bütin toplumy boýunça özüniň ahyrky belliklerini we maslahatlaryny taýýarlar we bellenilen tertipde Türkmen tarapyna iberer.