Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalyna gatnaşyjylara
Mekdep medeni-sport festiwalyna gatnaşýan mähriban çagalar!
Sizi dostlugyň we parahatçylygyň deňzine öwrülen Hazaryň türkmen kenarynda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýahatçylygynyň merjenine öwrülen ajaýyp Awazada Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalynyň dabaraly açylmagy mynasybetli gyzgyn gutlaýaryn! Doganlyk Azerbaýjan Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan gelen mähriban çagalar, eziz myhmanlar, bagtly çagalygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy — Türkmenistana hoş geldiňiz!
Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalynyň biziň halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we medeniýetlerimizi dünýä ýaýmak bilen, şatlykly duýgulara, tolgundyryjy pursatlara beslenen ajaýyp baýramçylyk hökmünde hem siziň ýadyňyzda hemişelik galjakdygyna berk ynanýaryn.
Biziň döwletimiz dünýä döwletleri, halkara we sebit guramalary bilen parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýär, özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýýar. Türkmenistan dünýäniň ösüşiniň täze şertlerini, milli we umumadamzat bähbitlerini nazara almak bilen, doganlyk Hazarýaka döwletleri bilen hem köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalynyň geçirilmegi parahatçylyk söýüjilik, dostluk däpleriniň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.
Sport we medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar we doganlaşdyrýar. Siz sportuň basketbol, guşakly göreş, woleýbol, futzal, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt görnüşleri boýunça özara güýç synanyşarsyňyz, çaga kalbyňyzdan joşup çykýan hem-de ynsanperwerlige, hoşniýetlilige ýugrulan joşgunly aýdym-sazlaryňyz, täsir galdyryjy sahnalaryňyz bilen çykyş edersiňiz. Şeýle hem ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň ajaýyp künjekleri, medeni-taryhy ýadygärliklerimiz, gözel tebigatymyz bilen ýakyndan tanyş bolarsyňyz. Bularyň ählisi Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalyny dostlugyň hem-de parahatçylygyň özboluşly, hakyky baýramyna öwrer. Siziň joşgunly we şadyýan çykyşlaryňyz parahatçylyga, dostluga hem-de nurana ýaşaýşa çagyryşdyr. Biz dostluga wepalylygy, päk ýürekliligi, ynsanperwerligi ýörelge edinen mähirli we göwnaçyk çagalarymyza buýsanç bilen beýik geljegimiz hökmünde garaýarys.
Beýik maksatlaryň şanyna dürli halkara maslahatlarynyň, bilim, aýdym-saz bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän, bagtly çagalygyň we beýik maksatlaryň hasyl bolýan Diýary, parahatçylyga we dostluga ygrarly döwlet hökmünde at-abraýynyň barha artýandygyny aýdyň görkezýär. Biz Ýer ýüzüniň çagalarynyň keremli türkmen topragyna gelip, häzirki zaman şypahanalarymyzda, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerimizde mynasyp dynç almaklary, dostlaşmaklary hem-de doganlaşmaklary üçin geljekde hem ähli mümkinçilikleri dörederis. Türkmenistanyň gapylary dostlarymyza we doganlarymyza elmydama açykdyr.
Eziz çagalar!
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ata Watanymyzda nesilleriň beden we ruhy sagdynlygyna, maşgala däplerine, edep-ekrama, adamkärçilige, pähim-paýhasa, zähmete uly ähmiýet berýäris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köklerini müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýan agzybirligimiziň, pähim-paýhasymyzyň, maşgala we terbiýe mekdebimiziň binýadyna öwrülen milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirýäris. Aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesiller üçin beýik geljegi gurýarys.
Bu ugurda Diýarymyzyň şäherlerinde we obalarynda ýaşlarymyzyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertleri öz içine alýan häzirki zaman çagalar baglaryny, mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerini, şypahanalary döretmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berýäris.
Ýaş nesiller jemgyýetimiziň geljegidir. Şonuň üçin hem ýaşlaryň sagdyn ruhly, berk bedenli ösüp, kemala gelmegi üçin ähli zerur işleri durmuşa geçirýäris. Muňa dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan «Awaza» sport toplumyny mysal görkezmek bolar. Bu iri sport toplumynda woleýbol, futzal, basketbol, gandbol, tennis, badminton, ping-pong, bowling, suwda ýüzmek, suwa bökmek, suw topy, suwda ýerine ýetirilýän gimnastika, boks, taekwondo, dzýudo, sambo, erkin we guşakly göreş, grek-rim göreşi, jiu-jitsu, agyr atletika ýaly sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bularyň ählisi Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýän Türkmenistanyň bagtly çagalygyň, iň arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy hökmünde halkara derejedäki at-abraýynyň barha artýandygyny hem görkezýär.
Mekdep medeni-sport festiwalyna gatnaşýan mähriban çagalar!
Sizi Hazarýaka döwletleriniň parahatçylyga we dostluga ygrarlydygyny tassyklaýan şanly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, durmuşda we okuwda uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.