TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ABU-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň baryşynda türkmen tarapy ABU bilen hyzmatdaşygy mundan beýläk hem giňletmäge, aýratyn hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmekde öz goşandyny goşmaga taýýardygyny aýtdy.
Dr. Jawad Mottagi ilki bilen Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisini we onuň çäklerindäki çäreleri gurnamaga we geçirmäge döreden mümkinçilikleri üçin öz hoşallygyny bildirdi, şeýle hem çäreleriň geçirilşiniň ýokary derejede alnyp barylýandygy barada habar berdi.
Mundan başga-da duşuşykda, taraplar Türkmen paýtagtynda ABU-nyň wekilçilikli forumynyň geçirilmegi teleradiogepleşikler ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny we özara peýdaly tejribe alyşmagyny ösdürmäge, gatnaşyklary ýola goýmaga, öňdebaryjy maglumat aragatnaşyk tehnologiýasyny ýaýratmaga ýardam berer diýip ylalaşdylar.