BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞLERI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ 69-NJY MASLAHATYNA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY

2018-nji ýylyň 1-5-nji oktýabrynda Şwesariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň (UNHCR) 69-njy maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary S.B.Ymamberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.

Ýerine ýetiriji komitet maksatnamalara göz aýlamak we berkitmek, agentligiň býujetini, halkara goraglylygy we beýleki meseleriň hataryny UNHCR we hökümetara hem-de hökümete dahyly bolmadyk hyzmatdaşlar bilen ara alyp maslahatlaşmak üçin her ýyl Ženewada öz maslahatlaryny geçirýär. Ýerine ýetiriji komitetiň şu gezekki maslahata UNHCR agza döwletleriniň 132-sinden bir müňden gowrak wekili ýygnandy.

2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda umumy ýygnagyň ikinji gününde Türkmenistanyň wekiliýeti çykyş etdi. Bu çykyşda esasy üns, durnukly ösüş maksatnamasynyň çäklerinde şu günki günüň esasy talap edýän düzgüne girizilen, howpsuz, kanuny we jogapkärli migrasiýany döretmekdäki Türkmenistanyň borçlaryna berildi.   

Ýurdumyzyň bosgunlara we raýatlygy ýok adamlara Türkmenistanyň raýatlygyny bermekdäki tejribesi hem-de raýatsyzlyk, kanuny reforma bosgunlara we raýatsyzlygy ýok adamlara birmeňzeş garalmagy baradaky konwensiýalara Merkezi Aziýada ilkinji  bolup goşulmagy muňa şaýatlyk edýär. Bularyň ählisi 2014-nji ýylda başlan BMG-niň bütin dünýäde raýatsyzlygy aradan aýyrmak baradaky 10-ýyllyk maksatnamasynyň tapgyrynda gazanylan üstünlik bolup durýar.

2014-nji ýylyň 4-nji noýabrynda BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissariaty tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasynda berkidilen, 2014–2024-nji ýyllar aralygynda raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça dünýä hereketleriň maksatnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistan tejribesiniň barşynda bolşy ýaly, öz kanun çykaryjy işlerinde  hem bu maksatnamada görkezilen 10 hereketiniň aglabasynyň ýerine ýetirendigini bellemek zerur bolup durýar.

BMG-niň Ýokary komissary Türkmenistanyň wekiliýetiniň çykyşyny teswirlemek bilen, raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça Türkmenistan döwletiniň eden işlerine minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyzyň tejribesiniň beýleki döwletlere nusga alarlykdygyny hem-de şeýle ynsanperwer başlangyçlaryň mundan beýläk hem dowam etjekdigine ynam bildirdi.