AZIÝA-ÝUWAŞ UMMANY TELERADIOGEPLEŞIKLER BIRLEŞIGINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 55-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE GEÇIRILEN DABARALAR
2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Aşgabatda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisiniň çäklerinde geçirilýän: Tehniki toparyň maslahaty, Zenanlaryň 7-nji forumy, hil dolandyryşy boýunça okuw maslahaty, Dolandyryjylaryň maslahaty, Radioda işleýän hünärmenleriň maslahaty, Meýilnamalaşdyrmak we strategiýalaşdyrmak boýunça toparyň ýygnagy, Meýilnama komitetiniň maslahaty, Sport toparynyň sport oýunlarynyň telewizion hukuklaryny maliýeleşdirmek boýunça maslahaty şeýle hem 7-nji aýdym festiwaly öz işlerini tamamlady.
Şol gün konsert tamamlanandan soň, “Arçabil” myhmanhanasynyň banketler zalynda dabaraly ýagdaýda 7-nji aýdym festiwalyna gatnaşyjylara Türkmenistanyň adyndan ýadygärlik sowgat gowşuryş dabarasy boldy.
4-nji oktýabrda Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň resmi açylyş dabarasy bolar. Onuň mejlisinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemleniler we geljekki döwür üçin ugurlar kesgitleniler.