EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ IRIB TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisine (ABU) gatnaşmak üçin iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň IRIB teleradiokompaniýasynyň prezidenti doktor Abdolali Ali Askari bilen gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Yzygiderli dürli derejelerdäki türkmen-eýran duşuşyklary we gepleşikleri taraplaryň iki ýurtlaryň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda diýen ýaly dostlukly gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge çalyşýandyklarynyň subutnamasydygy bellenildi.

Şeýle hem taraplar KHBS ulgamynda geljekde hem medeni hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada gyzyklanmasyny bildirdiler.