Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) baş sekretary Jawad Mottagini, ABU-nyň prezidenti, Hindistanyň Doordarşan döwlet teleýaýlymynyň baş direktory hanym Supriýa Sahuny hem-de ABU-nyň wise-prezidenti, Ýaponiýanyň teleradiogepleşikler korporasiýasynyň prezidenti (NHK) jenap Rioiçi Uedany kabul etdi.
Myhmanlar döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp, dünýäde dürli ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen özüniň oňyn syýasaty bilen meşhur Türkmenistana gelip görmäge döredilen mümkinçilige şatlygyny beýan etdiler. Pursatdan peýdalanyp, ABU-nyň ýolbaşçylary milli Liderimize Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň Aşgabatda geçirilýän 55-nji mejlisiniň we onuň çäklerinde guralýan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň düýpli özgertmeler ýoluna düşmek bilen ählumumy maglumat giňişligine goşulyşmak boýunça yzygiderli çäreleri geçirýändigini, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda iri halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýändigini belledi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, degişli düzümleri innowasiýalary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň gün tertibi hem ara alnyp maslahatlaşyldy, bu mejlis media ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden herekete getirilmegine ýardam berer. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, . Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, taryhy taýdan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän ýurdumyz bu gadymy ýoly gaýtadan dikeltmek başlangyjy bilen çykyş edýär, bu kerwen ýoly döwletleri we halklary diňe söwda etmek bilen däl-de, ynsanperwer-medeni gatnaşyklar bilen birleşdiripdir, özboluşly aragatnaşyk köprüsi bolupdyr. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen bu gatnaşyklar häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýär we many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar, munuň özi ABU bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Duşuşygyň ahyrynda ABU-nyň ýolbaşçylary forumyň geçirilmegine hut özüniň ýardam berýändigini we oňa gatnaşyjylara türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyza giň möçberli işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.