DAŞARY IŞLER MINSTRLIGINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MASLAHATYNDA BEÝAN EDEN BAŞLANGYÇLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEKLIGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Daşary işler minstrliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda beýan eden başlangyçlaryny durmuşa geçirmeklige bagyşlanan duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, syýasatşynaslar, Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalaryň we Ilçihanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurtda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleriniň wekilleri hem gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen konstruktiw başlangyçlary beýan edip, häzirki wagtda olary durmuşa geçirmekde maksada okgunly işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda bütin dünýä we sebit ölçeginde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselelerini ileri tutýandygy, ýaragsyzlanmak meselelerinde, terrorçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we häzirki zamanyň beýleki howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda çykyş edýändigi bellenildi. Bu temalary iri halkara meýdançalarynda yzygiderli orta atmak bilen, biziň döwletimiz bu ugurda ynamly ädimler bilen öňe barýar.

Bularyň hatarynda Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ähli taraplaýyn berilýän ýardam degişli bolup durýar. Türkmenistan goňşy dostlukly döwletiň meselerini parahatçylykly ýol bilen sazlamakda syýasy gepleşikleri geçirmeli ýagdaýlarynda ynamly platformany döretmekde we bu ugurda geljekde halkara jemgyýetçiliginiň işini jebisleşdirmegiň üýtgewsiz tarapdarydyr.

Duşuşykda şeýle hem BMG-niň Hemişelik Utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Ý.Panowa, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýöriteleşdirilen wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit Merkeziniň başlygy N.German, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Ş.Nilofer, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekili P.Karwowska we beýlekiler çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna aýratyn ünsi çekendigini bellediler. Türkmenistanda durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy äşgär duýulýan durmuş ugruna eýedir. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan ähli giň gerimli toplumlaýyn häsiýete eýe bolan özgertmeler Durnukly ösüş maksatlary bilen berk arabaglanşyklydyr.

Durnukly ösüş maksatlarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyny, şeýle hem Türkmenistanyň Baştutanynyň energetika we ulag ýaly strategik ulgamlarda gatnaşyk etmäge degişli başlangyçlarynyň ýardam berýändigine aýratyn üns berildi. Bu teklipleriň wajypdygyna hem-de olara isleg bildirilýändigine BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary aýdyň şaýatlyk edýär.

Şeýle hem çykyş edenler häzirki zaman şertlerinde dunukly ösüşi üpjün etmegiň wezipelerini çözmekde möhüm orny eýeleýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri ulag-kommunikasiýa ulgamy bolup durýar diýip bellediler.

Ýewraziýa we yklymara ugurlarynyň çatrygynda, häzir täzeden dikeldilen Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde taryhy taýdan ýerleşen Bitarap Türkmenistan multi-modal üstaşyr-ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürüp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, bu ugurda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Şunuň bilen bir wagtda, ýurdumyz suw serişdeleriniň elýeterli bolmagyny hem-de rejeli peýdalanylmagyny we hemmeler üçin arassaçylyk kadalarynyň üpjün edilmegi ýaly wezipäniň durmuşa geçirilmegine uly üns berýär. Türkmenistan şu garaýyşlar bilen yzygiderli çykyş edip, sebitimizde suw-energetika meseleleriniň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, her bir ýurduň bähbitlerini hasaba almak bilen, hem-de halkara guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidigini hemişe nygtaýar.

Sebitiň ýurtlarynyň halkara bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda döwlet Baştutanymyz Aral deňzini halas etmek meselesini hem görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milletler Bileleşigine agza döwletlere Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini guramanyň alyp barýan işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldamaga çagyryşy bilen ýüzlendi.

Çykyşlaryň jemini jemläp, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow Türkmenistanyň Nýu-Ýorkda adamzadyň geljegine gönüden-göni bagly global ähmiýetli meseleleri çözmekde özüniň işjeň ýörelgesini hem-de öňdengörüjilikli çemeleşmesini nobatdaky gezek görkezdi diýip aýtdy.