Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Meniň gadyrly doganym!

Men Size köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan aýratyn goşandyňyz üçin Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň ýokary sylagynyň gowşurylandygy baradaky habary uly şatlyk bilen kabul etdim.

Abraýly halkara guramanyň bu ýokary sylagy Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli içeri hem-de daşary syýasatyňyza dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, telekommunikasiýalary we ählumumy habarlar giňişligi ulgamynda Türkmenistanyň gazananlarynyň ykrarnamasydyr.

Aşgabadyň Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanylmagy Siziň ýurduňyzyň halkara derejede barha artýan abraýynyň subutnamasydyr.

Biz Özbegistanda doganlyk Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarys. Siziň hut özüňiziň özbek-türkmen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine üns berýändigiňize ýokary baha berýäris.

Özbek-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň geljekde hem pugtalandyrylmagynyň, syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarynda köpugurly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň biziň halklarymyzyň bähbitlerine, parahatçylygy, durnuklylygy hem-de Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmegiň umumy maksatlaryna doly kybap gelýändigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.