RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY – HÖKÜMETIŇ DIWANYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. 

Duşuşygyň başynda K.A.Çuýçenko türkmen tarapyna myhmansöýerlik bilen garşylanandygy üçin öz minnetdarlygyny we amala aşyrylýan türkmen-rus hyzmatdaşlygy üçin hoşallygyny bildirdi.

Duşuşygyň çäginde hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. K.A.Çuýçenko ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň netijeliligi barada aýratyn belläp geçdi. Şeýle-de iki ýurduň halkara giňişligindäki ileri tutýan ugurlary barada gepleşildi. 

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna aýratyn üns çekildi hem-de özara gatnaşyklaryň geljekki pudaklary hökmünde sport, ulag, logistika, aragatnaşyk, energetika ýaly ugurlar bellenip geçildi. Medeniýet pudagyndaky we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyny belläp, taraplar ony ýerine ýetirmek ugrunda ediljek indiki ädimlere seredip geçdiler.

Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Türkmenistanyň bitaraplygyna bolan hormatyny we daşary syýasy başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýtdy.