TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýaş diplomatlar üçin okuw maslahaty geçirildi.
Giriş sözi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, şeýle hem Awstriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gerhard Saýller çykyş etdiler.
Maslahatyň esasy lektory Awstriýa Respublikasynyň Wena Diplomatiýa akademiýasynyň professory Markus Kornprobst boldy. Professor diplomatiýada parahatçylygyň we abadançylygyň ornuny jikme-jik düşündirýän leksiýasyny okady. Okuw maslahaty tematiki we amaly sapaklary öz içine aldy.
Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda işjeň pikir alyşmalar geçirilenden soňra professor diňleýjileri gyzyklandyrýan soraglaryna jogaplary berdi.