TÜRKMENISTANYŇ PAKISTANDAKY ILÇIHANASY TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ SEBITDÄKI STRATEGIKI ÄHMIÝETI BARADA OKUW MASLAHATYNY GEÇIRDI
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Yslamabatda ýerleşýän “Islamabad Club” köpmaksatly dabaralar jaýynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Pakistanyň “Measae” syýasy meseleleri öwreniş merkezi bilen bilelikde “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň sebitdäki strategiki ähmiýeti” atly okuw maslahatyny geçirdi.
Bu çärä hormatly myhman hökmünde Pakistanyň Parlament işleri boýunça Döwlet ministri Muhammad Ali Han, “Measae” syýasy meseleleri öwreniş merkeziniň Baş direktory Muhammad Abdullah Gul, Pakistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we diplomatlary, ylmy-barlag institutlaryň alymlary hem-de bilermenleri, şeýle hem Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Pakistanyň “Measae” syýasy meseleleri öwreniş merkeziniň başlangyjy esasynda geçirilen bu maslahatda sebitde ägirt uly transmagistral gaz geçirijisi bolan TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi barada pikir alşyldy.
Ilki bilen Muhammad Abdulla Gul öz giriş sözünde TOPH gaz geçirijisiniň sebitdäki ähmiýetine örän ýokary baha berip, onuň sebit halklaryny birleşdirmäge, şol sanda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilendigi barada belledi.
Soňra, “Measae” syýasy meseleleri öwreniş merkeziniň bilermeni Abdul Rahman Bilal çykyş edip, TOPH gaz geçirijisiniň tehniki aýratynlyklary barada, ýagny gaz geçirijiniň geçmeli ugry, maliýeleşdirilmegi, tehniki esaslandyrmalary barada prezentasiýa geçirdi.
Soňra Pakistanyň Parlament işleri boýunça Döwlet ministri Muhammad Ali Han çykyş edip, TOPH taslamasynyň adamlaryň arasynda köpri bolup hyzmat etjekdigi barada aýtdy.
Hemme çykyşlarda TOPH gaz geçirijisiniň sebit ýurtlaryny ykdysady taýdan berkitjek, sebitara hyzmatdaşlygy ösdürjek, ykdysady integrasiýany çaltlaşdyrjak, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etjek taslamadygy bellenilip geçildi.
Çäräniň ahyrynda gelen myhmanlara Türkmen milli tagamlary hödür edildi.