BRÝUSSELDA TÜRKMEN-BELGIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler, daşary ykdysadyýet we hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça federal döwlet gullugynyň ministri j-p Didýe Reýnders bilen duşuşygy boldy.
Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk hem berkitmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara gün teribinde türkmen tarapy Belgiýa Patyşalygy bilen BMG we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyny berkitmäge bolan isleglerini bildirdi. Täze taslamalary we hyzmatdaşlygyň anyk mehanizmini işläp düzmek ýoly arkaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurlygy bellenildi.