«TERRORÇYLYK BILEN GÖREŞMEK BOÝUNÇA MILLI WE SEBITLEÝIN MÜMKINÇILIGI BERKITMEK MAKSADY BILEN SERHETLERI GORAMAK WE DOLANDYRMAK BABATYNDA ÖŇDEBARYJY TEJRIBE» ATLY OKUWY AŞGABATDA IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlyk etmeginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan gurnalan «Terrorçylyk bilen göreşmek boýunça milli we sebitleýin mümkinçiligi berkitmek maksady bilen serhetleri goramak we dolandyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribe» atly okuwy öz işine başlady.

Sebitde terrorçylygyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça işi «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kontrterrorçylyk strategiýasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegine tarap» atly ýokary derejeli mejlisine sebitleýin taslamasynyň üçünji tapgyrynyň çarçuwasynda BMG-niň Sebitleýin merkeziniň we Kontrterrorçylyk müdirligi bilen bilelikdäki tagallalary amala aşyrylýar. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda bolan Ýokary derejeli duşuşygynda başlandy.

Bu çäräniň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, synçy döwletleriň, halkara guramalaryň, şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Okuwda leksiýalar bilen BMG-niň Kontrterrorçylyk müdirliginiň, BMG-niň neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilleri çykyş etdiler.

Okuwyň başynda çykyş edenler, uzakmöhletleýin we hemme zady öz içine alýan howpsuzlygyň üpjün edilmegi Merkezi Aziýa ýurtlary üçin esasy mesele bolup durýandygyny bellediler. Terrorçylyga milli, sebitleýin we global derejelerinde göreşmek howpsuzlyk ugrunda sebitleýin gün tertibiniň wajyp aspekti bolup durýandygy aýdyňdyr.

Bu türgenleşik okuwy öz işini sessiýalar görnüşde bäş günläp dowam eder. Okuwyň çäginde terrorçylyga garşy netijeli göreşmek maksady bilen serhetara hyzmatdaşlygynyň kämilleşdirilmegi we serhetleriň howpsuzlygy syýasatynyň utgaşdyrylmagy, serhet dolandyryşyň mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy, terrorçylyga garşy göreşmekde halkara standartlary we başlangyçlary boýunça dürli çäreleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär.