TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETINIŇ PARLAMENTARA BILELEŞIGIŇ 139-NJY ASSAMBLEÝASYNYŇ IŞINE GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 14–15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti şu günler Ženewa şäherinde geçýän Parlamentara Bileleşigiň 139-njy Assambleýasynyň işine gatnaşdy. 14-nji oktýabrda Mejlisiň başlygy Parlamentara Bileleşigiň Assambleýasynyň çäginde Zenan deputatlaryň forumynyň 28-nji mejlisinde çykyş etdi. Ol öz çykyşynda aýal-gyzlaryň hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny goramak hem-de giňeltmek boýunça kanunçylyk binýadynyň berkidilýändigi, şeýle-de onuň biziň ýurdumyzdaky tejribe taýdan durmuşa geçirilişi barada aýtdy.
Şunuň bilen birlikde, 15-nji oktýabrda Mejlisiň başlygy Parlamentara Bileleşigiň 139-njy Assambleýasynyň “Innowasiýalar we tehnologiki ösüş döwründe parlamentiň parahatçylygy hem-de ösüşi öňe sürmekdäki orny” atly umumy çekişmeleriniň ýokary derejedäki segmentinde çykyş etdi. Öz çykyşynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Döwlet Baştutanymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan syýasaty netijesinde Türkmenistanda ylmy-tehniki ösüşi amala aşyrmak we innowasiýalary ornaşdyrmak üçin berk kanunçylyk binýadyň döredilendigini, şeýle hem durnukly ykdysady ösüşiň, maliýe we sosial durnuklylygyň, dünýäniň ykdysady çaklamalarynyň üýtgemegine we daşarky wehimlere öz wagtynda seslenmegiň üpjün edilýändigini belläp geçdi.
Parlamentara Bileleşigiň 139-njy Assambleýasynyň çäginde, hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Parlamentara Bileleşigine gatnaşmak üçin gelen Şweýsariýa wekiliýetiniň baştutany, Parlamentara Bileleşiginiň deputatlaryň hukuklary baradaky komitetiniň başlygy senator Andrea Karoni, Parlamentara Bileleşiginiň Prezidenti hanym Gabriela Kuewas Barron hem-de Parlamentara Bileleşiginiň Baş sekretary jenap Martin Çungong bilen duşuşyklary geçirdi.
Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasynyň işine 144 döwletiň wekiliýetleri gatnaşdy. Olaryň 55-sine milli parlamentleriň ýolbaşçylary baştutanlyk etdi.