«BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÄHMIÝETI: HÄZIRKI WE GELJEKKI ÖSÜŞI» ATLY HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 6-njy dekabrynda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti we ÝUNESKO tarapyndan bilelikde geçirilýän «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara ministrler derejesindäki maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow öz giriş sözi bilen çykyş etdi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu çärä gatnaşyjylara iberen gutlag hatyny okamak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa söz nobatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz öz gutlag hatynda şöhratly taryhy müňýyllyklara uzap gidýän Beýik Ýüpek ýolunyň umumyadamzat medeniýetinde tutýan ornunyň örän uludygyny, onuň dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, özara söwda, täjirçilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly ýardam berip, gadymy döwürlerde ençeme halklary özara baglanyşdyrandygyny hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan türkmen topragynda ýerleşýän gadymy galalar, kerwensaraýlar we taryhy-medeni ýadygärlikler bu dost-doganlyk ýolunyň şanly sahypalaryny özünde jemleýändigini belledi.

B.Abdyýewa gutlag hatyny okamak bilen, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan maslahata gatnaşyjylary bu halkara çäräniň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we maslahatyň işini dowam etdi.

Mundan başga-da, maslahatyň birinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Nataliýa German, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa hem-de ÝUNESKO-nyň Tährandaky edarasynyň işler ynalynan wekili Aleksandr Laýht çykyş etdiler.