ŽENEWADA GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ AGZA-ÝURTLARYNYŇ ILÇILERINIŇ DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Ženewada BMG-niň Milletler Köşgünde Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza-ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Ženewada BMG-niň ýanyndaky Goşulyşmazlyk hereketiniň agza-ýurtlarynyň şeýle-de, synçy ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar 2019-njy ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň Döwlet we Hökümet baştutanlarynyň 18-nji Mejlisi hem-de GH-niň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler boýunça pikir alyşdylar.

Bu ugurda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Haljanow Türkmenistanyň Prezidentiniň Bakuda geçirilen GH-niň mejlisiniň işine gatnaşmagy bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylary Türkmenistanyň ýakyn geljekdäki başlangyçlary we ileri tutýan ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Ählumumy howpsuzlygy berkitmegiň we bu ugurda takyk syýasy we hukuk ähmiýetli işleriň alnyp barylmagynyň wajypdygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Ilçisi BMG-niň 73 sany agza-döwletleriniň awtordaşlygynda 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan rezolýusiýanyň kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjy bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen diplomaty 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän uly halkara çäreler, şol sanda, Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş meseleleri boýunça Halkara maslahat barada habar berdi.