PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ 5-NJI BÜTINDÜNÝÄ MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda wideoaragatnaşyk arkaly Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Parlament Ýolbaşçylarynyň 5-nji Bütindünýä maslahaty öz işine başlady.

Parlamentara Birleşigi tarapyndan Awstriýanyň Parlamenti hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda guralan bu çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan iki ýüze golaý parlamentariýler, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem gatnaşýar.

Maslahat «Adamlar we ýer togalagy üçin parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün edýän has netijeli köpugurlylyk üçin parlament dolandyrylyşy» atly ählumumy mowzuk astynda geçirilýär. Gatnaşyjylar, şol sanda parlamentariýler, Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri we halkara bilermenler bu sessiýanyň barşynda halkara gün tertibiniň derwaýys wezipelerini, şol sanda pandemiýa garşy ählumumy göreşiň alnyp barylmagyny, global taýdan dolandyrylmagy, howanyň üýtgemegi bilen bagly bolan meseleleriň çözgüdini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň, şol sanda ýurduň kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi boýunça meseleleleriň berjaý edilmegine hemmetaraplaýyn ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň çözgüdi babatynda raýdaşlyk hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy nukdaýnazaryndan çykyş edýändir.