TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILIÝETI TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAKY MEJLISINIŇ NETIJELERI BARADA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2020-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda ÝHHG-niň ýanyndaky wekiliýeti bu guramanyň Hemişelik Geňeşiniň agzalaryny 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň netijeleri bilen tanyşdyrdy.

ÝHHG agza-döwletleriniň wekillerine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ýaşulular, ähli pudaklaryň wekilleri, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşandygy barada habar berildi.

Beýannamada mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň uzak möhletleýin maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy ugurlaryna, şeýle hem 2021-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine seredilendigi bellenildi. Ýygnagyň esasy gün tertibiniň biri döwletiň kanun çykaryjy häkimýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaralar ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýan konstitusion özgertmelere seredilmegi boldy. Netijede, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň konstitusion özgertmeler barada degişli resminamalary kabul edildi we Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion Kanunyna gol çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýokarda görkezilen Konstitusion Kanuna laýyklykda Türkmenistanda kanun çykaryjy häkimýeti amala aşyrýan täze wekilçilikli edara – Milli Geňeş döredildi we ol iki palatadan – Halk Maslahatyndan hem-de Mejlisden ybaratdyr. Bu kanunda palatalaryň ikisiniň hem ygtyýarlyklary, olary döretmegiň we işlerini alyp barmagyň tertibi takyk kesgitlenendir.

Mundan başga-da, ÝHHG-niň Hemişelik Geňeşi Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, Türkmenistanyň BMG, Ýewropa Bileleşigi, GDA, ÝHHG, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary köptaraplaýyn hem-de dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygy bellenildi. Ýurduň suw, energetika, transport diplomatiýasy we daşky gurşaw meseleleri boýunça öňe süren başlangyçlary ileri tutulýan ugurlaryň arasynda galýandygy hem nygtaldy.