TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SANLY ULGAMDAKY MÜMKINÇILIKLERI BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady mümkinçilikleri ösdürmek maksady bilen, tehnologiýalary geçirmek we sanly ulgam barada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi.

Geçirilen gepleşiklere türkmen tarapyndan Türkmenistanyň, Söwda senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şeýle hem, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar. Rus tarapyndan çärä Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň Wise-prezidenti we «Skolkowo» gaznasynyň GDA ýurtlary bilen sebit ösüşi hem-de özara gatnaşyklary boýunça wise-prezidentiniň orunbasary gatnaşdy.   

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Iki tarapyň hem gatnaşmagyndaky häzirki we geljekki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça, hususan-da, sanly kommunikasiýa we maglumat ulgamynda ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alyşdylar.