TÜRKMENISTAN MA-DA EKSTREMIZMIŇ ÖŇÜNDEN DUÝDURYLMAGY BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 26-njy noýabrynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Stambul şäherindäki Sebitleýin Merkezi tarapyndan guralan «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňünden duýdurylmagy: sebitleýin ösüş hem-de geljege tarap ýol» atly ýokary derejeli maslahat onlaýn görnüşinde geçirildi.

Duşuşyga Natalýa German, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy, Agi Weres, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Sebitleýin Merkeziniň orunbasary hem-de BMG-niň ÖM-nyň Ýewropa we GDA boýunça administratorynyň kömekçisiniň orunbasary, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Ýaponiýanyň we Beýik Britaniýanyň ygtyýarlandyrylan diplomatlary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň, Bütindünýä Bankynyň bilermenleri we beýlekiler gatnaşdylar. 

Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar sebitde zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça häzirki tagallalaryň netijelerine aýratyn üns berdiler. Has netijeli sebitleýin strategiýalaryň gözlenilmegi üçin hyzmatdaşlygy we özara hereketleri giňeltmegiň zerurlygy nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde türkmen tarapy zorlukly ekstremizmiň aýratyn alnan düzümlerine garşy göreşmekde ygtybarly esas bolup biljek bitaraplygyň ähmiýetini aýratyn belledi. Şu nukdaýnazardan, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy bitaraplygyň mümkinçilikleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça halkara hukuk binýadynyň giňeldilmegi babatynda Türkmenistanyň başlangyçlaryny aýratyn nygtamak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” diýen Kararnamanyň taslamasyny belläp geçdi.

Edil şonuň ýaly-da Türkmenistan tarapyndan BMG-niň meýdançasynda Guramanyň agza-ýurtlarynyň goldaw bermeginde döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda ýurduň Halkara meseleleri kadalaşdyrmakda Bitaraplygyň ýörelgelerini netijeli peýdalanmak boýunça BMG-niň kadalar toplumyny işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleriň dowam edilmegi baradaky nukdaýnazary beýan edildi.

Mundan başga-da,  BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň derwaýyslygy nygtaldy we bu resminamany hemmetaraplaýyn durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistan 2021-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş edýändir.   

W.Hajiýew ýurtda 2011-nji ýylyň Aşgabat jarnamasyna hem-de 2021-nji ýylda durmuşa geçirilmeginiň dördünji tapgyryna geçýän Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň kadalaryna esaslanmak arkaly, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Global strategiýasynyň sebit çygrynda durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Şunlukda, şu ýylyň dekabr aýynda kabul edilmegi göz öňünde tutulýan Zorlukly ekstremizmiň öňüniň alynmagy hem-de terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň işlenilip düzülmeginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi bilen alnyp barylýan bilelikdäki işleriň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi.  

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmegiň hem-de zorlukly ekstremizmiň öňüniň alynmagynyň möhüm düzüjileriniň biri hökmünde demografiki balansda agdyklyk edýän ýaşlar bilen işleriň geçirilmegi bolup durýandygyny nygtady. Şu nukdaýnazardan, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüniň alynmagy üçin jemgyýetiň durnuklylygynyň we serhetýaka hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy» taslamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň derwaýyslygy aýratyn bellenildi.

Şonuň ýaly-da, «STRIVE Asia» Global taslamasynyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça düzüminiň işlenilip taýýarlanylmagy babatynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasyna minnetdarlyk bildidildi. Bu platforma ýerli jemgyýetleriň durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna, ýaşlaryň ejiz gatlaklarynyň arasynda zorlukly ekstremizmiň öňüniň alynmagy bilen bagly maksatlara ýetmekde döwlet we jemgyýetçilik edaralaryna goldaw bermäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüniň alynmagy üçin jemgyýetiň durnuklylygynyň we sebit hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy boýunça taslamasy Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýändir. Bu taslama özbaşyna ýaşlar düzümine gönükdirilen sebitleýin başlangyç bolup durýandyr.