TÜRKMENISTANYŇ UNESCO BILEN HYZMATDAŞLYGY TÄZE MAZMUN BILEN BAÝLAŞDYRYLÝAR

2021-nji ýylyň 11-12-nji fewralynda UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär kätibi Çynar Rüstemowamyň UNESCO-nyň Tähran şäherindäki edarasynyň ýolbaşçysy Swetan Swetkowski we UNESCO-nyň Almaty şäherindäki Sebitleýin merkeziniň direktory Krista Pikkat bilen onlaýn duşuşyklary geçirildi.

Duşuşyklaryň barşynda taraplar Türkmenistan bilen UNESCO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bildirdiler.  Özara hereketler bilen bagly häzirki meselelere we geljekki döwür üçin meýilnamalara garaldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen UNESCO-nyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnamanyň taslamasy, şol sanda degişli Hereketleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmen tarapyndan UNESCO bilen statistika, suw serişdeleriniň dolandyrylşy, sanly tehnologiýalar we sport ýaly möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek teklip edildi.  Türkmenistanyň baştutanlygy milli, sebitleýin we halkara derejelerinde durnukly ösüşiň ähmiýetli düzüjileri bolup durýan bu ugurlar boýunça işleri ösdürmek meselesine aýratyn üns berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri, ol hem ýurdumyzyň UNESCO bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat. Bu Gurama adamzadyň bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramakda esasy orny eýeleýär.  Türkmenistan bolsa bu işlere işjeň gatnaşýar. Türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň özboluşly desgalary hem-de gymmatlyklary UNESCO-nyň wekilçilikli sanawlaryna girizilendir.